Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Ilatyň gaz üpjünçiligindäki bökdençlikleriň arasynda, prezident 'Galkynyş' känine baryp gördi

0
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we doňan Garagum derýasyny dikuçardan synlady. Döwlet baştutanynyň bu sapary ýurduň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Maryda aýazly howanyň dowam edýän, ilatyň gaz we elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli kesilýän mahalyna gabat geldi.


19-njy ýanwarda Marynyň halkara aeroportuna barandan soň, dikuçarda "Galkynyş" känine tarap ugran prezident bu ýerde “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Batyr Amanowyň hasabatyny diňledi.


Amanowyň çykyşyndan soň, prezident içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hem-de ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Ýöne adatça bolşy resmi habarda tabşyryklaryň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmady.




Prezidentiň “Galkynyş” gaz känine baryp, bu ýerdäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy, aýazly howada ýurt ilatynyň gaz we elektrik üpjünçiliginiň, ýylynmak bilen bagly meseleleriniň ýiti ýaramazlaşan mahalyna gabat geldi.


Türkmenistanda indi iki hepdä golaý wagt bäri güýçli aýazly howa dowam edýär. Ýurduň dürli künjeginde ilat elektrik, gaz we suw üpjünçiliginiň kesilmegi ýa-da olaryň basyşynyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle-de, aşa sowuk howada ýyladyş turbalary doňup ýarylýar. Ilat ýylynmakda kynçylyk çekýär. Bu bökdençlikler barada Azatlyk geçen hepdäniň başyndan bäri yzygiderli maglumat berýär.


Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ilatyň aýzaly howada ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dymyşlygyny saklaýarlar.


Ýöne döwlet baştutanynyň tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan “Galkynyş” gaz känine barmagy, ýurduň içerki gaz üpjünçilik ulgamynda meseleleriň bardygyny gytaklaýyn bolsa-da tassyklaýar.


Prezident Marynyň halkara aeroportuna barýan mahaly, ýol ugruna dikuçarda Garagum derýasyny hem synlady. Berdimuhamedow sowuk howa akymlarynyň ýurduň çägine aralaşmagy bilen, derýada buz gatlagynyň dörändigini, şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny hem nygtady.




Bu waka, Amyderýada emele gelen buzluklaryň eräp, suwuň joşmak howpunyň ýerli ýaşaýjylarda howsala döredýändigi barada Azatlygyň çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.


19-njy ýanwarda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Amyderýanyň Lebabyň Darganata şäherçesinden geçýän böleginde derýanyň ýakasyny galdyrmak we topragy götermek işlerine ençeme tehnikanyň çekilýändigini aýtdylar.


Bu habarlaryň arasynda, 13-nji ýanwarda prezident beýleki resmiler bir hatarda, ýurduň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekowa we "Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa berk käýinç yglan etdi.


Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan goňşy Özbegistana, Eýrana gaz eksportyny togtadyp, Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini hem azaltdy.


Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri öňümizdäki günlerde Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň adaty klimat kadalaryndan pes bolmagynda galýandygyny habar berýär. 20-nji ýanwardan soňky birnäçe günüň dowamynda, ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasynyň gijelerine -6 we -11 gradus aralygynda saklanjakdygyny, neşir ýazýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net