Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Hazaryň türkmen kenarynda düwlen maslyklarynyň ýüzlerçesi tapyldy

0
Hazar deňziniň türkmen kenarynda düwlen maslyklarynyň ýüzlerçesi peýda boldy. Bu waka Hazaryň Russiýanyň Dagystan respublikasyndaky kenarynda müňlerçe düwlen maslygynyň tapylan mahalyna gabat geldi.


"Soňky 10 günüň dowamynda Gyzyl suw adasynyň kenarynda ýüzlerçe düwlen maslygy peýda boldy. Käbir kenarlarda balyklaryň maslyklary hem tapyldy" diýip, ýagdaýdan habarly Balkan welaýatyndaky çeşmämiz aýtdy.


Hazar deňziniň düýbünden ýitip barýan endemigi, hazar düwleni Türkmenistanyň Gyzyl kitaby bilen birlikde, 2008-nji ýylda Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawyna hem girizildi.


Çeşmämiz häzirki wagtda ýurduň deňiz flotunyň esgerleriniň Gyzyl suw adasyny we deňzi düwlen hem-de balyk maslyklaryndan arassalamak işlerini geçirýändigini hem aýtdy.




Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy düwlen maslyklary we bu ýerde geçirilýän arassaçylyk işleri sebäpli Türkmenbaşy şäheri bilen Gyzyl suw adasynyň arasyndaky kadaly gämi gatnawynyň ýatyrylandygyny aýtdy.


"Bu aralyga günüň dowamynda iki gezek gämi gatnawy bardy. Olaryň biri "Çarlak", beýlekisi "Galkynyş" atly gämiler tarapyndan amala aşyrylýardy" diýip, habarçy belledi.


Çeşmämiziň sözlerine görä, düwlen maslyklary sebäpli käbir ýük gämileri öz wagtynda türkmen portuna gelip bilmediler. Azerbaýjandan gelen ýük gämisi Hazar deňziniň türkmen serhedinde birnäçe sagat garaşmaly boldy.


"Her biriniň agramy takmynan uly bir adamyň agramyna barabar bolan düwlen maslyklary gämi hereketine zyýan ýetirip bilýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.


Awlanylmagy düýbünden gadagan edilen, Hazar döwlet goraghanasynda we onuň çäkli goraghanasynda goralýan düwlenleriň bedeniniň uzynlygy 130–155 sm, agramy 50–85  kg barabardyr.


Bu ýagdaýlar barada häzirlikçe ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri maglumat berýärler. Azatlyk bu barada Türkmenbaşynyň häkimliginden we halkara deňiz portundan hem kommentariýa alyp bilmedi.


Ýöne çeşmämiz ýurduň harby-deňiz institutynyň bir işgärine salgylanyp, düwlenleriň we balyklaryň heläk bolmagyna soňky döwürde deňiz suwunyň aşa hapalanmagynyň, onuň düzüminde toksinli maddalaryň köpelmeginiň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar.


Bellesek, bu waka dekabryň birinji hepdesinde Hazaryň Dagystandaky kenarynda 2 müň 500 çemesi düwlen maslygynyň tapylan mahalyna gabat geldi.




AÝ/AR-nyň Kawkaz.Realii gullugynyň maglumatyna görä, olaryň ölmeginiň sebäplerini anyklamak boýunça derňewler dowam edýär. Ýöne Dagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşky gurşawy goramak baradaky guramalary olaryň ölmeginiň "tebigy faktorlar" bilen baglanyşyklydygyny yglan etdiler.


Düwlenler azyndan iki hepde öň öldi we tupan olary kenara çykardy diýip, Dagystanyň daşky gurşaw merkezi aýtdy. Merkeziň hünärmenleri zorlukly ölüm alamatlaryny we balyk torlarynyň galyndylaryny tapmadylar.


5-nji dekabrda Russiýanyň Tebigy baýlyklar ministrliginde bu ýagdaýa bagyşlanan ýygnak geçirildi. Ýygnakda ministrligiň başlygy Aleksandr Kozlow ölen düwlenleriň takyk sanynyň Hazaryň günorta böleginde Kizlýar aýlagyndan Samur derýasynyň agzyna çenli aralykda geçiriljek kenarýaka gözleglerden soň, 15-nji dekabrda belli boljakdygyny aýtdy.


Ol düwlenleriň ölmeginiň anyk sebäpleriniň Laboratoriýa seljeriş merkeziniň synaglarynyň netijelerinden soň belli boljakdygyny hem belledi.


Soňky onýyllyklarda düwlenleriň köpçülikleýin ölümi her birnäçe ýyldan bir gezek hasaba alynýar. 8-nji noýabrda Merkezi Aziýanyň ekologiýa barlaglary instituty Hazar deňziniň gazak kenarynda düwlen maslyklarynyň 100-den gowragynyň tapylandygyny habar berdi.


CNN neşiri hazar düwlenlerini goramak baradaky gulluga (KASPIKA) salgylanyp, şu ýylyň başynda Hazaryň gazak kenarynda 140-dan gowrak düwlen maslygynyň tapylandygyny habar berdi.




Şu günki gün düwlenleriň nobatdaky heläkçiliginiň sebäpleri barada bir zat aýtmak kyn, sebäbi düwlen maslyklarynda geçirilýän analizleriň netijeleri heniz belli däl. Ýöne muňa seýsmiki işjeňlik sebäpli metan zyňyndylarynyň bölünip çykmagynyň günäkärdigini çaklap bolar. Bu reňksiz we yssyz gaz, ýokary konsentrasiýalarda merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegine we zäherlenmegine sebäp bolup biler diýip, Moskwa döwlet uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň Okeanologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Sergeý Muhametow Kawkaz.realii gullugyna beren maglumatynda aýtdy.


“Demirgazyk Hazaryň kiçi howdanlarynda, orta we esasanam günorta Hazardaky uly howdanlarda wodorod sulfidiniň hapalanmagy hasaba alynýar, bu hem ýiti ysly, örän zäherli gaz: onuň zyňyndylarynyň hem köpçülikleýin ölüme sebäp bolan bolmagy ähtimal" diýip, Muhametow belledi.


Ýakynda ABŞ-nyň kosmos agentligi NASA-nyň kosmosdan düşürilen täze suratlarynda Türkmenistanyň Hazaryň gündogarynda ýerleşýän nebit-gaz infrastrukturasyndaky 12 ýerde ýokary derejede metan gazynyň syzýandygynyň üsti açyldy.


Azatlyk bu iki wakanyň arasynda haýsydyr bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmedi.


Hazar düwlenleri Hazaryň türkmen böleginiň uly we kiçi adalarynda, şol sanda Uly we Kiçi Garada, Düwlenli, Osuşnoý, Ogurjaly adalarynda ýaşaýarlar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna görä, XX asyryň 80-nji ýyllarynda hazar düwlenleriniň 15 müňe golaýy, 2007–2008-nji ýyllarda 1000 sanysy we 2011-nji ýylyň iýulynda Ogurjaly adasynda 500-e golaýy bellige alyndy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net