"Talyban" ýolbaşyçylygyndaky Owganystanda tirýegiň bol hasyly alyndy
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş edarasy (UNODC) tarapyndan 1-nji noýabrda çap edilen ýyllyk hasabatda aýdylmagyna görä, aprel aýynda “Talyban” tirýek ösdürip ýetişdirmegi gadagan edeli bäri tirýegiň bahasy hem ýokarlandy.
Daýhanlar girdejileri öňki ýylkydan üç esse köp bolup, 2022-nji ýylda 1,4 milliard dollar boldy.
Şeýlelikde, 2022-nji ýyl soňky ýyllarda tirýek önümçiliginiň “iň girdejili ýyly” boldy.
