Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkmenderýa gyrmançadan arassalanýar, Aşgabat suw meselesini çözýärmi?

0
Türkmen metbugaty dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen kuwwatly tehnikalaryň şu günler, möwsümleýin suw hojalyk çäreleriniň çäginde, Türkmenderýanyň bellenilen ýerlerini tebigy gyrmançalardan, suw gatyşykly çökündilerden, läbikden arassalamak işlerinde ulanylýandygyny habar berýär. Azatlygyň yzygiderli gozgan we barha ýitileşýändigini duýduran suw ýetmezçiligi meselesi türkmen häkimiýetleri tarapyndan diňe soňky birnäçe ýylda, öňki prezident we täze prezidentiň häkimiýet başyna gelmegi bilen, başda bölekleýin we soňra has çynlakaý görnüşde boýun alyndy. Şeýle-de, TDH-nyň anyklaşdyrman habar bermegine görä, prezident Serdar Berdimuhamedow golaýda suw hojalygynyň ýolbaşçylaryny täzeläp, suw desgalaryna ideg boýunça täze teklipleriň taýýarlanylmagyny tabşyrdy.


Adatça döwrebap tehnikalaryň, daşary ýurtlardan satyn alnan traktorlaryň, kombaýnlaryň markalary aýdylýan hem bolsa, “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň ulanýan 8 sany ýokary öndürijilikli läbik sorujysynyň öndürilen ýurdy, olaryň haçan satyn alnandygy, näme üçindir, aýdylmaýar.




“Olaryň sazlaşykly hem bökdençsiz işledilmegi netijesinde derýanyň suw geçirijilik mümkinçiligi ep-esli ýokarlandy” diýip, “Türkmenportal” neşiriniň döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp beren habarynda bellenýär.


Şu günler derýanyň ugrunda işledilýän läbik sorujylaryň hersi 40-45 metr aralykda gyrmança, läbik sorup, kenara çykarýar, goşmaça işleri ýerine ýetirmek üçin olaryň her birine 2 buldozer berkidildi diýip, habarda aýdylýar.


Uzynlygy 180 kilometre, suw geçirijilik ukyby sekuntda 250 kub metre barabar bolan derýa, aýdylmagyna görä, sebitiň çägindäki iri suw akabalarynyň aglabasyny suw bilen üpjün edýär.


Mundan başga, habarda “Türkmenderýasuwhojalyk” önümçilik dolanyşygynyň hasabynda häzirki wagtda uzynlygy 414 kilometrden gowrak akabanyň, birnäçe suw geçirijiniň hem-de suw alyjy desganyň bardygy aýdylýar.


Arassalanýan derýa sebitiň 416 müň gektara golaý ekin meýdanyny suw bilen üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar.


Azatlygyň sebitlerdäki habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda ekin meýdanlaryny wagtynda suwarmak, hatda ekişden öňki ýuwuş suwlaryny tutmak hem uly meselä öwrüldi. Ýerli synçylar we hünärmenler bu ýagdaýy häkimiýetleriň suw desgalaryny tasdan doly ünsden düşürmekleri, döwlet serişdeleriniň zerur infrastruktura däl-de, ikinji, üçünji derejeli desgalara harçlanmagy bilen düşündirýärler.




Mundan başga, sowet döwründen gelýän suw geleňsizligi, onuň mugt ýa ýeňillikli harytlaryň sanawyna goşulmagy, gowaça ekişi we pagtaçylyk bilen bagly ornaşan we uly ýer zaýaçylygyna, ýerleriň şorladylmagyna alyp gelen ekerançylyk ‘medeniýeti’ barada açyk gürrüň edilmezligi hem hakyky oba hojalyk reformasynyň geçirilmegine böwet bolýar diýip, synçylar aýdýar.


Ozalky suw gurluşyk inženeri Nurmuhammmet Hanamowyň azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, ýerleriň esasan döwlet eýeçiliginde galmagy, ‘ýeriň hakyky eýesiniň’ bilkastdan tapylmazlygy we mejbury zähmetiň saklanyp galmagy suw desgalarynyň eýesiz galmagynyň we ‘diňe möwsümleýin’ arassalanmagynyň esasy sebäbi bolup durýar.


“Eger Aşgabat suw meselesini hakykatdan hem çözjek bolsa, netije bilen däl, sebäpler bilen göreşmeli” diýip, Awstriýada ýaşaýan Hanamow sözüniň üstüni ýetirdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net