Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Ýewropa parlamentiniň agzalary, hukuk goraýjylar lukman Ismatullaýewany azat etmäge çagyrýarlar

0
Ýewropa parlamentiniň birnäçe agzasy Türkmenistanyň häkimiýetlerini, hukuk goraýjylaryň toslanan aýyplamalar esasynda tussaglyga höküm edilendigini aýdýan, lukman Hursunaý Ismatullaýewany azat etmäge çagyrdylar.


14-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň bäş agzasynyň adam hukularyny goraýjy toparlaryň we garaşsyz neşirleriň ençemesi bilen birlikde ýaýradan beýanatynda 2017-nji ýylda bikanun işden kowulan lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň ykbalyna üns çekilýär.


Ýatlatsak, Ismatullaýewanyň ýolbaşçylary ilki onuň zähmet rugsadyny resmi taýdan tassyklap, soňra-da ony işe gelmezlikde aýyplap, işden boşatdylar. Ismatullaýewanyň sözlerine görä, ol näsaglara zerur bolmadyk bejergileri ýazmakdan, ýagny, ýolbaşçylaryň hassahana üçin goşmaça girdeji getirmek talabyndan ýüz öwrüpdir.


Netijede, öz hünäri boýunça işe ýerleşmez ýaly edilen Ismatullaýewa, ýurt içinde öz hukuklaryny gorap bilmän, daşary ýurtdaky garaşsyz neşire interwýu berýär. Soňra bu mesele 2021-nji ýylyň tomsunda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň guramaçylygynda geçirilen onlaýn maslahatynda gozgalandan bir gün soň, ol tussag edilýär. Munuň yzy bilen, lukman galplaşdyrylan kezzaplyk aýyplamalary esasynda, ýapyk gapylaryň arkasynda höküm çykarylyp, 9 ýyl ýyl azatlykdan mahrum edilýär.




Hursunaý Ismatullaýewa geçen ýylyň 16-njy iýulynda çykarylan hökümiň ýyl dönümine gabat ýaýradylan beýanatda, ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowa lukmana garşy gozgalan işe gaýtadan seretmäge çagyryş edilýär.


Beýanatyň awtorlary lukmanyň garaşsyz neşire ýüz tutup, özüniň söz azatlygy we iş haklarynyň goraglylygy baradaky hak-hukuklaryny berjaý edendigini, munuň üçin hem ony uzak möhletleýin tussaglyk bilen jezalandyrmaly däldigini belleýärler.


Özge pikirlileri yzarlamakda ýakasyny tanadan türkmen hökümeti soňky ýyllardan bäri lukman Hursunaý Ismatullaýewa bilen birlikde, ýurtdaky bidüzgünçilikler barada çykyş eden ençeme adamy, şol sanda blogçy Myrat Düşemowy, aktiwist Mansur Mingelowy, Myrat Öwezowy, Nurgeldi Halykowy dagyny türme tussaglygyna höküm etdi. Hukuk toparlary olara ýöňkelen aýyplamalaryň toslamadygyny, aslynda, häkimiýetleriň olardan öz pikirini aýdany üçin ar alýandygyny aýdýarlar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net