Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Türkmenistana barmak we daşyna çykmak kynlygyna galýar we gymmatlaýar

0
Türkmenistana we ýurtdan daşara yzygiderli howa gatnawy henizem ýok. Bu ýagdaýda ýörite guralan çarter uçuşlary ýurtdan çykmagyň ýa-da girmegiň ýeke-täk usuly bolmagyna galýar. Şunuň ýaly iki uçuşyň 8-nji aprelde boljagy bir gün öň mälim boldy.


Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habarynda "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçarynyň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabat - Moskwa reýs boýunça 08: 00-da uçjakdygy aýdyldy. Ilçihana muny uçuşyň bolmagyndan diňe bir gün öň Telegram kanalynda habar berdi. Ilçihananyň resmi web sahypasynda bu barada maglumat bolmady.


Ilçihananyň habaryna görä, bilet satuwy uçaryň ugraýan gününden bir gün öň 7-nji aprelde ir sagat 10: 00-da ýola goýlupdyr. Biletler "Türkmenistan" kompaniýasynyň Aşgabatdaky edaralarynda satylypdyr. Biletleriň bahasy ep-esli ýokarlanyp, 600 dollara barabar bolupdyr. Töleg diňe dollarda amala aşyrylýar.




"Howa gatnawy ätiýaçlandyryş çykdajylarynyň artmagy sebäpli ýokarlandy. Töleg daşary ýurt walýutasynda amala aşyrylýar. Ýolagçylar töleg jikme-jiklikleri üçin awiakompaniýadan habar alyp bilerler" - diýlip, Russiýanyň ilçihanasynyň beýannamasynda aýdylýar.


Şol bir wagtyň özünde, ilçihana Russiýa barýan daşary ýurt raýatlarynyň 48 sagatlyk negatiw PCR synagynyň bolmalydygyny ýatladýar.


Garaşsyz neşir “Turkmen.news” mundan öň Russiýa çarter gatnawlarynyň Russiýanyň S7 awiakompaniýasy tarapyndan guralandygyny, emma ýakynda Russiýa garşy girizilen sanksiýalar sebäpli S7 kompaniýasynyň daşary ýurda uçmagynyň bes edilendigini belleýär. Habarda mundan ozal Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna aýda ortaça üç ýa-da dört çarter gatnawynyň bolandygy aýdylýar we biletleriň bahasynyň 400 dollara durandygy habar berilýär.


Turkmen.news-yň bellemegine görä, rus awiakompaniýasynyň şol uçuşlary COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, ýurduň daşyna çykmaga islegleri artýan emigrantlar tarapyndan ulanylypdyr. Indi migrantlar üçin uçuşlary Türkmenistan howa ýollary guraýar.


Neşiriň habaryna görä, ilçihananyň düzýän sanawlary boýunça guralýan çarter uçuşlary Russiýa göçmek islegini mälim eden Türkmenistanyň raýatlary üçin niýetlenenipdir. Şeýle hem neşir Türkmenistandan Russiýa indiki uçuşlaryň 14-nji we 29-njy aprelde meýilleşdirilýändigini habar berdi.


Soňky ýyllarda ýurtdan gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sany artmak bilen boldy. Türkmenistany terk etmegiň ýollaryndan biri Russiýa migrant statusyny almakdan ybarat. Koronawirus pandemiýasy we 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan tarapyndan yzygiderli uçuşlaryň bes edilmegi raýatlaryň ýurtdan gitmegini haýallatdy.




Bu aralykda, yzygiderli uçuşlaryň bolmazlygy daşary ýurtlarda galýan müňlerçe Türkmenistanyň raýatlary üçin watanyna gaýdyp gelmek mümkinçiligini çäklendirýär we olar seýrek çarter uçuşlaryna doly garaşly bolýar.


“Turkmen.news” -yň habaryna görä, 8-nji aprelde "Türkmenistan" howa ýollary Belarusdan raýatlary getirmek üçin uçar iberýär. Neşir Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki çeşmelerine salgylanyp, uçaryň Russiýadan gaýdyp barýarka Minskde ýolagçylary aljakdygyny habar berdi. Uçar Aşgabatdan Moskwa, Moskwadan Minskä uçar. Şol ýerde uçar 130 töweregi ýolagçyny, ýagny watanyna dolanmak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gaýdar we olar Türkmenbaşa eltiler diýip, neşir ýazýar.


Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawlaryny bes etdi. Netijede, ýurduň raýatlary watanyna barmak we ýurtdan çykmak mümkinçiligini tas elden berdi.


Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmek üçin 2020-nji ýylyň awgust aýyndan bäri guraýan uçuşlarynyň sany islegi kanagatlandyrmaýar. Dürli ýurtlardaky türkmen ilçihanalary tarapyndan düzülýän sanawlarda ady ýazylan adamlaryň sözlerine görä, köpler iki ýyl bäri nobatyna garaşýarlar.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net