Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2022

Russiýa asuda ilaty nyşana alýar, Baýden Putini 'uruş jenaýatçysy' atlandyrýar

0
Russiýa Mariupolda ýüzlerçe raýatyň pena edinen teatryny ýumurdy diýip, ukrain häkimiýetleri 16-njy martda aýtdy we gabaw astyndaky strategiki şäherden şindem ýüzlerçe müň adamyň çykyp bilmän galýandygyny habar berdi. Teatryň içinde 1200-e golaý adamyň bolan bolmagy mümkin diýip, port şäheriniň häkiminiň orunbasary Serhiý Orlow aýtdy.


“Maksar” hemra şekilleri firmasy 14-nji martda düşürilen suratlaryň binanyň öňünde we arkasynda rus dilinde “çagalar” diýen sözüň uly ak harplar bilen ýazylandygyny görkezýändigini aýtdy.


Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba topa tutmalaryň dowam edýän wagtynda twitterde drama teatrynyň binasyna urlan zarbada ölenleriň sanynyň entek belli däldigini aýtdy, binanyň doly ýumrulandygyny, rus tarapynyň onuň asuda adamlaryň pena edinen ýeridigini bilmezliginiň mümkin däldigini aýtdy.


Demirgazykdaky Çernihowda, Ukrainanyň baş prokurorynyň tassyklamagyna görä, rus güýçleri çörege garaşýan 10 adamy öldürdi. Bu üç hepdelik urşuň dowamynda edilen iň ganly hüjümleriň biri boldy.


Ukrainanyň strategiki porty Mariupolyň daşy rus güýçleri tarapyndan gurşalyp alyndy we onuň içinde galan 300,000 töweregi adam suwsuz, elektriksiz we gazsyz galdy.




Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk Mariupol keselhanasynyň içinde şindem 400-e golaý işgär we näsag bar diýdi.


Kiýewiň häkimi Witali Kliçko rus toplarynyň şäher merkeziniň demirgazygynda we ‘hökümet kwartaly’ diýilýän ýerden takmynan 2,5 km uzaklykda ýerleşýän Podil şäherçesinde birnäçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirendigini aýtdy.


Prezident köşgi, prezidentiň edarasy we beýleki möhüm edaralar hem şol ‘hökümet kwartalynda’ ýerleşýär.


Kliçkonyň bir gün öňünden yglan etmegi bilen, şäher 16-njy martda 35 sagatlyk komendant sagadynyň çäginde galdy. Ol bu çäklendirmäni yglan edende, rus güýçleriniň zarbalaryny güýçlendirip, paýtagta ýakynlaşýandygyny we Kiýewiň "kyn we howply pursat" bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny duýdurdy.


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Wladimir Putini rus prezidentiniň goňşy ýurda başlan ganly hüjümi sebäpli ilkinji gezek “uruş jenaýatçysy" diýip atlandyrdy.


"Men ol uruş jenaýatçysy diýip pikir edýärin" diýip, Baýden 16-njy martda, Ukraina üçin goşmaça 800 million dollarlyk ýarag kömegini yglan edeninden gysga wagt soň, žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.


ABŞ administrasiýasy bu söz düzümini şu wagta çenli gönüden-göni soralanda-da ulanmandy.


Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki Baýdeniň bu sözleri "zalym diktatoryň daşary ýurda çozmak bilen eden wagşyçylykly hereketlerini" telewizorda göreninden soň, "ýürekden aýdandygyny" aýtdy.


Russiýa köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezilen düýpli subutnamalara garamazdan, parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär.




Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow, TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, Baýdeniň aýdan sözlerine reaksiýa bildirip, bu beýanatyň "kabul ederliksiz we bagyşlap bolmajak ritorika" bolandygyny aýtdy.


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski nemes kanun çykaryjylaryndan Russiýanyň Ýewropany iki bölmek üçin gurýan diwaryny "ýumurmagy" haýyş etdi. Onuň 17-nji martda Berlinde, Bundestagda ýygnanan nemes kanun çykaryjylaryna ýüzlenip eden çykyşy Kanadanyň we Birleşen Ştatlaryň kanun çykaryjylaryna ýüzlenip eden çykyşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.


Baýden ABŞ-nyň Ukrainanyň "uçara garşy goşmaça uzak aralyga ýetýän ulgamlary" edinmegine kömek berjekdigini yglan etdi.


Ukraina uçara garşy ulanylýan “Stinger” ulgamlarynyň 800 sanysyny, tanka garşy ulanylýan ýaraglaryň 9000 sanysyny we pilotsyz uçarlaryň 100 sanysyny goşmaça kömek hökmünde alar diýip, Baýden aýtdy.


Ol munuň Ukraina özüni goramak üçin iň döwrebap ýaraglary ibermek baradaky borja ygrarlylygy görkezýändigini belledi.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net