Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

"Internetde Özbegistanyň iki prezidentine dil ýetiren" horezmli blogçy üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

0
3-nji fewralda Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Hazarasp etrap kazyýeti bloger Sobirjon Boboniýozowy üç ýyl azatlykdan mahrum etdi.


Bu barada düýbi Daşkentde ýerleşýän “Ezgulik” adam hukuklary jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Taşanow Azatlyk Radiosyna habar berdi.


Ynsan hukuklaryny goraýjynyň aýtmagyna görä, Horezm welaýatynyň Hazarasp etrabynyň Buston obasynda ýaşaýan blogçy Sobirjon Boboniýozow Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowy we häzirki döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýewi kemsitmekde günäli tapyldy.


Jenaýat işiniň materiallarynda aýdylyşyna görä, “31 ýaşly blogçy Telegram toparynyň Bloggerler Assosiasiýasynyň agzasy eken. Ol ýerde Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň we häzirki döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýewiň keşbini kemsidiji wideolary çap edipdir.


Dil derňewi, ýagny lingwistik-kazyýet seljermesiniň netijesine görä, bu wideo materiallaryň çap edilmegi Özbegistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasynyň (“Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine kast etmek”) 3-nji bölegine degişlidir.


Ol aýyplamanyň netijesinde, blogçy bu jenaýaty serhoş halda ýene-de gaýtalapdyr.


2021-nji ýylyň martynda "Özbegistan Respublikasynyň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada" kabul eden kanunyna laýyklykda, aç-açan ýagdaýda ýa-da telekommunikasiýa ulgamlary ýa-da Internet üsti bilen ýurduň prezidentine dil ýetirmek ýa-da töhmet atmak jenaýat hasaplanyp, 3 ýyla çenli düzediş zähmeti ýa-da erkinligi çäklendirmek; 2 ýyldan 5 ýyla çenli ýa-da 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.


Ýatlatsak, geçen ýylyň aprel aýynda, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Jyzak sebit bölümi sosial ulgamlarda tankydy çykyşlary bilen tanalýan jyzakly blogçy Walijon Kalonowyň garşysyna Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň ýokarda ýatlanan 158-nji maddasynyň 3-nji bölümi boýunça jenaýat işini açdy.


"Ol öz çykyşynda prezidentiň ýolbaşçylygynda geçirilýän özgertmeleri halk köpçüligine ýalňyş düşündirdi, prezidenti kemsitdi hem-de döwlet baştutanynyň abraýyny gaçyrýan we abraýdan düşürýän maglumatlary ýaýratdy, şeýlelik bilen oňa töhmet atdy" diýip, Jyzak welaýatynyň prokuraturasynyň beýanatynda aýdylýar.


Soňra kazyýet-medisina seljerişinde Kalonowyň akyl taýdan näsagdygy anyklandy. Netijede, blogçy Samarkant şäherindäki 1-nji psihiatrik hassahana hökmany bejergi üçin iberildi.


Germaniýada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Özbek forumy” topary 2021-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda, “Özbegistanda jeza beriji psihiatriýa gullugy aktiwistleriň seslerini dymdyrýar” atly hasabat ýaýratdy. Şonda tassyklanyşyna görä, Şawkat Mirziýoýewiň döwlete ýolbaşçylyk edeli bäri, aktiwistleri sem etmek üçin, mejbury ýagdaýda psihiatrik keselhana ýerleşdirýärler.


Özbegistanyň Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmeleriň söz we metbugat azatlygyny çäklendirýändigini metbugat azatlygyny goraýjy halkara guramalary birnäçe gezek mälim etdiler.


Prezident Şawkat Mirziýoýew 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda, ikinji möhlete gaýtadan saýlanmagynyň öň ýanynda, ýurduň içindäki hem daşary ýurtly bloggerler bilen duşuşygynda, žurnalistlere we blogçylara elmydama goldaw berjekdigini aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net