Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Merkezi saýlaw topary Berdimuhamedowyň ogluny prezidentlige dalaşgär hökmünde bellige aldy

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine dalaşgärligi Merkezi saýlaw komiteti tarapyndan bellige alyndy. Bu barada ýarym-resmi "Orient" neşiri Merkezi saýlaw komitetine salgylanyp habar berýär.


Habarda aýdylmagyna görä, Merkezi saýlaw topary 15-nji fewralda irki prezidentlik saýlawlary boýunça ýygnak geçirdi. Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy tarapyndan prezident wezipesine hödürlenen wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligi hasaba alyndy.




14-nji fewralda Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hödürledi. Türkmenistan ýekşenbe güni saýlaw möwsümine girişdi.


11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini aýdyp, işden çekilmek niýetini mälim etdi. Prezidentiň bu çykyşyndan soňra, Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasy, Mejlis ýurduň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna we Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna esaslanyp, 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi.


40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow, eger prezident wezipesine saýlansa, soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän ýurtda häkimiýeti miras alar.




Türkmenistanda syýasy garşylyga ýol berilmeýär, ýurtda hasaba alnan hakyky oppozisiýa partiýasy ýok. Ýöne ýurtda köppartiýalylyk wadalary bilen 2012-nji we 2014-nji ýyllarda ýurtda degişlilikde Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy hasaba alyndy. Ýöne synçylara görä, bu tagallalar esasy azatlyklar berk çäklendirilýän ýurtda syýasy plýuralizm döredip bilmedi.


Merkezi saýlaw komitetine görä, 12-nji martda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak işleri dowam edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net