Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Türkiýede neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi

0
Türkiýäniň Samsun şäherinde neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň iki raýaty saklandy. Olaryň biri kazyýet diňlenişiginiň yz ýany tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär.


"Haberler.com" neşiriniň 13-nji fewralda çap eden habaryna görä, Samsun polisiýa müdirliginiň neşe serişdelerine garşy göreş bölümi ýolagçy awtobusy bilen Stambuldan Samsuna neşe maddalarynyň getirilmegi bilen baglanyşykly reýd geçirdi.


Reýdiň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary G.Ý. we H.G. saklanyp, polisiýa bölümine alnyp gidildi. Türk media serişdeleri türkmen raýatlarynyň adynyň we familiýasynyň diňe baş harplaryny aýtmak bilen çäklenýär.




"Tutulan adamlar bilen bilelikde 96 gram metamfetamin maddasy ele salyndy. Türkmen raýatlary polisiýa bölüminde soraga çekilenden soňra, G.Ý. Samsun şäheriniň kazyýetine iberildi. Bu ýerde geçirilen sud diňlenişiginden soň tussag edilen G.Ý. "Samsun T Tipi ýapyk türmesine" ugradyldy" diýlip, habarda onuň ykbaly barada has jikme-jik maglumat berilmeýär.


Şeýle-de, habarda beýleki türkmen raýatynyň "kazyýet gözegçiligi şerti" bilen boşadylandygy hem bellenilýär.


Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar we işsizlik ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş gözläp, daşary ýurtlara çykmagyna sebäp boldy.  Barmak üçin wiza talaby bolmansoň, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky dil umumylygy sebäpli, iş gözleýän türkmenistanlylar esasan Türkiýä köp barýarlar.


Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda Türkiýede türkmen migrantlarynyň ady bilen çykýan jenaýat habarlary yzygiderli çap edilýär.


Mundan 10 gün çemesi ozal Türkiýede "Yslam döwleti" (YD) terrorçy toparynyň agzalaryna galp türkmen we türk pasportlaryny satmakda güman edilýän üç adamyň, şol sanda Türkmenistanyň bir raýatynyň tussag edilendigi habar berildi.


Käbir synçylar munuň iki sebäbiniň bardygyny aýdýarlar. Birinjiden, olaryň öz aň-düşünjeleri bilen bagly bolsa, ikinjiden, Türkmenistanyň içindäki ýagdaýlar, režimiň halky pulsuz, işsiz we basyşda saklamagy bilen ilteşikli dolup durýar.




Soňky döwürde Türkiýede kyn şertlerde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň, pandemiýa aladalarynyň arasynda, işlerini ýitirip, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan hiç bir kömek ýa goldaw alyp bilmeýändigi hem habar berilýär.


Bu ýagdaýlar ugruny ýitiren, çykalga gözleýän köp adamyň her hili howply işlere baş goşmagyna, dürli sebäplerden, şol sanda käte öz janlaryna kast edip ölmeklerine hem getirýär diýip, Azatlyk bilen gürleşýän migrantlar aýdýar.


Türkiýede resmi taýdan ýaşaýyş rugsady bolan 117 müň 905 türkmenistanly ýaşaýar. Türkiýäniň Migrasiýa boýunça baş müdirligi tarapyndan getirilen soňky sanlara görä, türkmenler bu ýurtda ýaşamaga resmi dokumenti bolan daşary ýurtlularyň arasynda ikinji orunda durýar.


Türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada statistiki maglumatlary jemgyýetçilige mälim etmeýär. Şeýle-de, ýurduň resmi we ýarym-resmi habar serişdeleri Türkiýedäki türkmenleriň duçar bolýan ykdysady, durmuş we kanunçylyk kynçylyklary barada habar bermeýär.


2019-njy ýylyň maýynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri soňky on ýylyň dowamynda 2 million töweregi raýatyň uzak möhletli esasda daşary ýurtlara göçüp gidendigini mälim etdiler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net