Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Gazagystanyň Žanaozen şäherinde ýene ýüzlerçe adam proteste ýygnandy

0
Gazagystanyň durnuksyz Žanaozen şäheriniň ýüzlerçe ýaşaýjysy ýene, geçen aý hökümete garşy guralan we ýurdy sarsdyran protestlerden soň, iş ýerleriniň döredilmegini talap edip, tapgyr birnäçe gün ýygnanyşyk geçirdi. Protestçiler ýygnanyşygyň altynjy güni, 7-nji fewralda şäher häkimliginiň binasynyň öňünde toplandylar. Olar 2500 erkegiň we aýalyň ýerli we merkezi hökümetden sebitiň nebit pudagynda özlerine iş berilmegini talap edýändigini aýtdylar.


Žanaozen şäheriniň häkimi Maksat Ibagarow protestçiler bilen duşuşdy we olaryň talaplaryna seretmek üçin ýörite komissiýa döretmegi teklip etdi.


Emma protetsçiler bu teklibi ret etdiler. Olar Ibagarowdan, prezident Kasym-Žomart Tokaýewden we Mangistau sebitiniň häkimi Nurlan Nogaýewden öz iş talaplaryny "derrew, häziriň özüne ýerine ýetirmeklerini" talap etdiler.

Žanaozen indi köp ýyl bäri berk gözegçilik astynda saklanýan öňki sowet respublikasynda möwç alyp galan protestleriň merkezi bolup durýar.


Geçen aý bolan ganly protestlerden soň Tokaýew "Bilelikde täze Gazagystany gurmak” şygaryny öňe sürdi we bütin ýurt boýunça dürli derejelerdäki emeldarlary täzeläp, ýurtda demokratik özgertmeleri geçirmegi wada berdi.


Emma muňa garamazdan, 5-nji fewralda ýurduň iň uly şäheri Almatyda toplanan ýüzlerçe adam prezidentiň Erbolat Dosaýewi şäheriň täze häkimi wezipesine bellemek kararyna garşy protest bildirdi we Tokaýewiň işinden çekilmegini talap etdi.


https://www.azattyq.org/a/kazakhstan-almaty-rally-mayors-electivity/31687954.html

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti (MHK) 7-nji fewralda howpsuzlyk guramasynyň başlygynyň öňki orunbasary Daulet Ergožiniň ýanwar aýyndaky zorlukly wakalar sebäpli deslapky tussaghana ýerleşdirilendiginihabar berdi.


MHK biraz öň öňki başlygy Karim Masimowyň, şeýle-de onuň orunbasarlarynyň biri Anuar Sadykulowyň döwlete dönüklikde aýyplanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini aýtdy.


MHK-nyň 7-nji fewralda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, "bu jenaýat işi ýokary derejedäki gizlin syr hökmünde kesgitlendi".


Geçen aý Žanaozen şäherinde ýangyç bahasynyň birden ýokarlanmagy sebäpli başlanan protestler Gazagystanyň çar künjegine ýaýrap, Almatyda we beýleki käbir ýerlerde zorlukly çaknyşyklara sebäp boldy.


Protestçileriň ykdysady nägileligi derrew halk arasynda meşhur bolan şygarlar, korrupsiýa, syýasy durgunlyga we giň ýaýran adalatsyzlyga garşy çagyryşlar bilen alnyp göterildi.


Olaryň gahar-gazabynyň köpüsi 1989-njy ýyldan 2019-njy ýylyň martyna çenli, Gazagystany Tokaýewe häkimiýeti tabşyrýança dolandyran Nazarbaýewe gönükdirildi. Emma muňa garamazdan, köp adamyň ynanjyna görä, Nazarbaýew ýurdy sahnanyň arkasyndan öz gözegçiliginde saklamagyny dowam etdirýär.


Protestler polisiýa we harby işgärler, şol sanda Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlary bilen, zorluk bilen dargadyldy. Tokaýew daşary ýurtlardaky terrorçylyk lagerlerinde tälim alan 20,000 ekstremistiň Almaty şäherine hüjüm edendigini aýdyp, KHŞG-nyň goşunlaryny kömege çagyrdy.


Emma häkimiýetler Tokaýewiň daşary ýurtly terrorçylar barada aýdanlaryny tassyklaýan hiç hili subutnama görkezmediler.


Gazak resmileri ýurtdaky bidüzgünçiliklerde 227 adamyň, şol sanda 19 hukuk goraýjy işgäriň öldürilendigini habar berdiler.


Adam hukuklaryny goraýjy toparlar köp adamyň dereksiz ýitmegine salgylanyp, pida bolanlaryň mukdarynyň has köp bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.


Şeýle-de olar, Tokaýewiň "duýduryş bermezden atmak” buýrugyny bermegi netijesinde, parahat protestçileriň we demonstrasiýa dahylsyz adamlaryň hem polisiýa we harby işgärler tarapyndan öldürilendigini tassyklaýan delilleri görkezýärler.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net