Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Türkmenistanda raýatlary Gazagystandan getirjek uçara garaşylýar

0
Türkmenistanda uzak arakesmeden soň ýurduň daşynda galýan raýatlary getirmek üçin nobatdaky uçaryň guramalaşdyrylmagyna garaşylýar. Ygtybarly çeşmeler ýakyn günlerde türkmen raýatlarynyň Gazagystandan getiriljekdigini habar berýär.


Azatlygyň Türkmenistandaky habarly çeşmesine görä, indiki uçara 15-nji ýa-da 16-njy ýanwarda garaşylýar. "Türkmenhowaýollary" türkmen raýatlaryny Gazagystandan uçar bilen getirer. Çeşme, bu uçaryň guramalaşdyrylmagynyň Gazagystanda soňky günlerde bolan protest wakalary bilen baglanyşyklydygyny belleýär.


Munuň ýurduna dolanmak mümkinçiligine garaşýan türkmen raýatlaryny Türkmenistana alyp barmak üçin bir ýarym aýyň içinde ilkinji uçar bolmagyna garaşylýar. Azatlygyň çeşmeleri ýolagçy uçarynyň Türkmenistana soňky gezek 30-njy noýabrda barandygyny we onuň Moskwadan raýatlary getirendigini aýdýarlar.




Türkmen häkimiýetleri raýatlaryny daşary ýurtlardan alyp gaýtmak üçin ýörite uçuşlary 2020-nji ýylyň awgust aýynda gurap başlady. Uçara münmek üçin türkmen raýatlary ilki bilen bolýan ýurtlaryndaky türkmen ilçihanalarynda sanawa ýazylmalydyr.


Azatlyk Radiosy Gazagystandan planlaşdyrylýan uçar bilen Türkmenistana barjak ýolagçylaryň sanawynyň düzülişini we tertibini resmi taýdan anyklap bilmedi. Türkmenistanyň migrasiýa gullugy we ýurduň Nur-Sultandaky ilçihanasy bu mesele barada resmi düşündiriş bermeýär.


Türkmenistan bir ýarym ýylyň içinde Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan, Özbegistandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan raýatlaryny alyp gaýtmak üçin onlarça ýolagçy uçaryny guramalaşdyrdy.


Emma Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, daşary ýurtda galan raýatlaryň arasynda şeýle uçara mätäçligi yzygiderli artýar. Munuň bilen birlikde, şeýle uçarlar arkaly Türkmenistana barmak mümkinçiligi gaty çäklidir. Käbirler sanawlara ýazylmak we Türkmenistana barýan uçara münmek mümkinçiligine ençeme aýlap garaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde, çeşmeleriň ençemesi raýatlaryň esli para tölemek arkaly Türkmenistana barýan uçarlara münüp bilýändigini öňe sürýärler. Bu mesele boýunça türkmen resmilerinden düşündiriş almak mümkin däl.




Türkmenistandaky çeşmeleriň aýtmagyna görä, daşary ýurtlardan gaýdyp gelýänleriň arasynda garrylar we saglyk problemasy bar bolan adamlar köp bolýar.


Daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň sany belli däl. Türkmenistan migrasiýa statistikasyny çap etmeýär.


Bu aralykda dekabryň aýagynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndaky bir çeşmäniň Azatlyga habar bermegine görä, häkimiýetler raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna täze çäklendirmeleri girizmek we ilatyň ýurtdan çykmagynyň öňüni almak üçin täze çäreleri görýär.


Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda köp sanly türkmen raýaty iş gözlemek üçin daşary ýurtlara gidipdi. 2019-njy ýylyň maý aýynda Azatlygyň Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetindäki bilimli çeşmeleri soňky 10 ýylda 1,9 million adamyň Türkmenistandan gidendigini habar berdi.


Türkmenistanda yzygiderli uçar gatnawy koronawirus pandemiýasy başlaly bäri ýatyryldy. 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap, uçuşlar alty aýlap doly togtadylansoň, ýurduň müňlerçe raýaty, şol sanda studentler we daşary ýurt hassahanalarynda bejergi alan näsaglar öz watanyna gaýdyp bilmändi.


Türkmenistanyň hökümeti, berk çäklendiriji çäreleri görýän hem bolsa, ýurtda COVID-19 keseliniň düýpden ýokdugyny resmi derejede aýtmagyny dowam etdirýär.


Bu aralykda iş ýüzünde hut koronawirus keseliniň ýaýramagy Türkmenistandan başga ýurtlara gaýdýan uçarlaryň ýatyrylmagyna sebäp bolýar. Saglygy saklaýyş edarasyndaky çeşmäniň 12-nji ýanwarda anonimlik şertinde Azatlyga aýtmagyna görä, 10-njy ýanwarda Türkmenabatdan Moskwa planlaşdyrylan "S7" awiakompaniýasynyň uçary koronawirusyň ýaýramagy zerarly ýatyrylypdyr.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net