Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Marynyň häkimiýetleri kärendeçilerden ýygymçylar üçin pul ýygnaýar

0
Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Marynyň häkimiýetleri pagta ýygymyna çekilýän ýygymçylar üçin hem býujet işgärlerinden, hem-de kärende eýelerinden pul ýygnaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.


"Häkimligiň işgärleri pagta eken kärende eýelerinden her 1 gektar ýer üçin 300 manat tölemegi, has dogrusy para bermegi talap edýärler. 10 gektar kärende ýeriň bolsa 300 manat tölemeli. Olar munuň üçin kwitansiýa bermeýärler. Häkimligiň işgärleri munuň ýygymçylary, ýagny edara-kärhanalardan işgärleri pagta ýygymyna iberýändikleri üçin alynýandygyny aýdýarlar" diýip, maryly kärendeçi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.




Bu ýagdaýa welaýatyň tas ähli, şol sadan Oguzhan we Garagum etraplarynda synlasa bolýar. Habarçymyzy bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler ýygymçylar üçin edara-kärhanalaryň işgärlerinden hem pul ýygnalýandygyny aýdyp, munuň "bikanun gazançdan başga zat däldigini" aýdýarlar.


"Býujet işgärleri özlerine derek iberilýän, hakyna tutulan ýygymçylar üçin pul töleýärler. Bu pul edara ýolbaşçylary tarapyndan häkimlige geçirilýär. Olar ýygymçylar üçin bizden hem pul soraýarlar" diýip, kärendeçi aýtdy.


Azatlyk ýurduň dürli künjeginde edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýygymçylar ýa-da hakyna tutulýan işçiler üçin pul ýygnalýandygy barada ýylyň-ýylyna habar berip gelýär.


Kärendeçileriň aýtmagyna görä, bu parany bermedik daýhanlar ýygymçy we tehnika bilen öz wagtynda üpjün edilmeýär. Netijede, olaryň pagta hasyly wagtynda ýygylman, onuň bir bölegi zaýalanýar.


"Bu ýagdaýda-da garyp daýhanlar kösenýär. Sebäbi ençeme gektar meýdany kärendesine alan ýer eýeleri soralan parany berýärler we hasyllaryny öz wagtynda ýygdyrýarlar" diýip, daýhan belledi.




Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda pagta ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasylyny döwletiň satyn alyş nyrhyndan ýerlerdäki harmanlara tabşyrýarlar. Öz gezeginde döwlet kärendeçi daýhanlary dökün, tohum, tehnika, suw we ýygymçy bilen üpjün etmäge borçlanýar.


Agrotehniki çäreler üçin edilen çykdajylar kärendeçileriň girdejisinden tutulýar. Ýöne kärendeçi şertnamalaýyn borçnamanyň hötdesinden gelip bilmese we onuň girdejisi agrotehniki serişdeler üçin edilen çykdajylardan az bolsa, ol munuň öwezini tölemeli bolýar.


Bu aralykda, habarçymyz welaýatda pagta möwsüminiň gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýändigini, bu işlere býujet işgärleri bilen bir hatarda, maska geýmek düzgünini bozan raýatlaryň we arakhorlaryň hem mejbury çekilýändigini aýdýar.


"Polisiýa maska düzgünini bozýan raýatlary awlaýar. Olar tussag eden raýatlaryny ýörite awtobuslara mündirip, pagta meýdanlaryna alyp gidýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.


Halkara hukuk toparlary we guramalar türkmen hökümetiniň ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden ýa-da çaga zähmetinden peýdalanmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler.


Şu ýyl Türkmenistan boýunça pagtanyň 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net