123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 16.09.2021

Synaglar, alamatlar, netijeler. Türkmen epidemiologlary yzygiderli işleýärler

Azathabar.com 

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary COVID-19-yň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar barada jikme-jiklik habar bermegini dowam etdirýärler. Soňky habarlara görä, test etdirmek üçin nobatlar, ýokary keselçilik we ölüm derejesi saklanýar. Ilat zerur lukmançylyk kömegini alyp bilmeýär. Lukmançylyk işgärleri we jaýlanyş çärelerini geçirýän işgärler gyssagly ýagdaýda işleýärler.

Farapda jynaza çärelerine adamlaryň gatnaşmagy gadagan edildi, ýas we sadakalar doly ýatyryldy

Azathabar.com 

Lebapda COVID-19 ýokuşmalary möwjeýän mahaly, welaýatyň Farap etrabynda jynaza çärelerine merhumyň iň ýakyn hossarlaryndan başga adamlaryň gatnaşmagy gadagan edildi. Ýas we sadakalar doly ýatyrylyp, bu çärelere gatnaşan býujet işgärleri işinden boşadylyp başlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. "Soňky üç gün bäri Farapda jynaza çäreleri diňe döwlet tarapyndan bellenilen iki sany dini wekiliň we merhumyň iň ýakyn adamlarynyň - aýalynyň, adamysynyň, oglunyň, gyzynyň - gatnaşmagynda geçirilýär. Читать дальше...



Bank kartlaryny aldaw bilen ele geçirýän toparlar “köpelýär”

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, nagt pul we azyk ýetmezçiliginiň arasynda raýatlaryň bank kartlaryndaky zähmet haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýän döwri, maliýe serişdelerini nobatsyz nagtlaşdyryp bermek boýunça dürli näresmi hyzmatlar hödürlenip başlandy. Şol bir wagtda, raýatlaryň ynamyna girip, bank kartlaryny hilegärlik bilen ele geçirýän jenaýatçy toparlaryň hem hereket edip başlandygy bellenilýär.

Aşgabatda dollar arzanlaýar, bazarlarda harytlar gymmatlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhy ýene belli bir derejede arzanlap, durnuksyzlygyny saklaýan mahaly, Aşgabatda azyk we senagat harytlarynyň bahalary gymmatlaýar. Munuň bilen bir wagtda, subsidirlenen azyk önümleriniň ilata öz wagtynda paýlanmagy bilen bagly problemalar saklanyp galýar. Aşgabadyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna azyk paýlary awgustyň üçünji ongünlüginden bäri berilmeýän mahaly, käbir paýtagtlylara "çüýrän" towuk butlary paýlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.

Özbegistanda şahsyýetlere daşary ýurt walýutasynda amal etmek rugsady berildi

Azathabar.com 

Özbegistanda şahsyýetlere öz aralarynda daşary ýurt walýutasynda karz bermäge we töleg etmäge rugsat berildi. Bu baradaky karara respublikanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 14-nji sentýabrda gol çekdi diýip, UzA agentligi habar berýär. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda "Pul syýasatyny liberallaşdyrmagyň ileri tutulýan çäreleri barada" gol çeken kararyna laýyklykda, şol ýylyň 5-nji sentýabryndan başlap Özbegistanda ýuridiki şahslara we şahsyýetlere täjirçilik banklaryndan... Читать дальше...

ABŞ, Angliýa we Awstraliýa Hytaýy nazarlap, täze goranyş şertnamasyny baglaşýar

Azathabar.com 

ABŞ, Angliýa we Awstraliýa Hindi-Ýuwaş okeany üçin täze howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny yglan etdi, bu çäre Hytaý tarapyndan tankyt edildi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, iňlis premýer-ministri Boris Jonson we Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morrison 15-nji sentýabrda AUKUS diýlip atlandyrylýan täze şertnamany yglan etdi. Bu hyzmatdaşlyk goranyş ukyp-başarnyklaryny has giňden paýlaşmaga, şol sanda Awstraliýany ýadro energiýasy bilen işleýän suwasty gämiler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Читать дальше...

Gyrgyz kazyýeti iki täjigi ömürlik tussag etdi

Azathabar.com 

Gyrgyz kazyýeti ýyl başynda gyrgyz-täjik serhediniň jedelli böleginiň golaýynda ýüze çykan ganly etniki çaknyşyklar sebäpli Täjigistanyň iki raýatyna garşy ömürlik azatlykdan mahrum etmek hökümini çykardy. Abdurozik Kahorowyň we Askar Ýunusowyň garyndaşlary 15-nji sentýabrda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda bu iki adamyň bir gün öň, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken sebitinde talaňçylykda we parahatçylyga garşy jenaýat etmekde günäli tapylandygyny we türmä ugradylandygyny aýtdy. Garyndaşlarynyň sözlerine görä... Читать дальше...

Orsýetiň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk guramalary Owganystany maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky iki sany sebitara howpsuzlyk guramasy şu hepde, “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden bir aý soň, Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin täjik paýtagtynda aýry-aýry duşuşyk geçirmäge taýýarlanýar. ABŞ-nyň Owganystandaky 20 ýyllyk harby missiýasynyň aýagynda Kabulyň günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiniň birden çagşamagy netijesinde, Moskwa bilen Pekiniň sebitde esasy oýunçylara öwrülmek synanyşyklarynyň arasynda, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy... Читать дальше...

Nawalny “Time” žurnalynyň “Iň täsirli 100 adamynyň” biri boldy

Azathabar.com 

Türmede oturan rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny “Time” žurnalynyň ýyllyk sanawyna girizilip, “2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamy” boldy. Nawalny sanawda iňlis şazadasy Garri we onuň aýaly Meghan, amerikan pop ýyldyzy Britni Spirs, eýranly aklawçy we hukuk aktiwisti Nasrin Sotoudeh we koreý-amerikan şahyry Käsi Park Hong ýaly meşhur adamlaryň hatarynda goýuldy. Žurnalda Nawalny barada çap edilen makalany küşt ussady we bosgunlykda ýaşaýan rus oppozisiýa wekili Garri Kasparow ýazypdyr. Читать дальше...

“Talybanyň”  Baradary içerki dawa-jenjeli, ölüm myş-myşlaryny ret edýär

Azathabar.com 

"Talybanyň"  egindeş esaslandyryjysy we premýer-ministriň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Abdul Gani Baradar fundamentalçy toparyň garşydaş topar bilen bolan çaknyşygynda özüniň ýaralanandygy ýa-da öldürilendigi baradaky çaklamalary inkär etmek üçin wideo beýanat etdi. "Ýok, bu dogry däl, men gowy we sagat" diýip, Baradar 15-nji sentýabrda “Talybanyň” Dohadaky syýasy edarasy tarapyndan Twitterde ýerleşdirilen interwýusynda aýtdy. Baradar bu wideo partizançylyk hereketinden Owganystany... Читать дальше...

Näme üçin Moskwa bilen Nur-Sultanyň gatnaşygy ýaramazlaşýar? Özbegistanyň ykdysadyýeti Gazagystandan ozup bilermi?

Azathabar.com 

Geçen hepde daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleri Gazagystandaky “milletçilik”, Russiýanyň öz ornuny ýitirýän we şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň täsiriniň ýokarlanýan döwründe, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan “ruslaryň çykmagy” barada makala çap etdi. Iňlis işewür neşiri bolsa Özbegistanyň Merkezi Aziýada öňdebaryjy ykdysadyýete öwrülmegi we Gazagystandan öňe geçmegi maksat edinýän ambisiýalaryna ünsi çekdi. «RUSLARYŇ GAÝTGYNY» WE «DIL PATRULLARY» Gazagystan Russiýadan daşlaşýar: rus ilatynyň... Читать дальше...

Спорт в России и мире
Москва

Популярный блогер и боец ММА Саша Стоун выступит на фестивале спорта и контента Yappy x «Наше Дело Россия» в Нижнем Новгороде


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Рыбакина назвала свое преимущество над Швентек


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Собянин: Основные работы по созданию парка «Яуза» завершатся в 2024 году





Путин в России и мире
Москва

Алиев: доволен развитием отношений Азербайджана и России


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Стало известно, что Лукашенко предложил губернатору Архангельской области на встрече в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Байден заверил Зеленского в скорых поставках новых пакетов помощи


Навальный в России и мире
Москва

Мосгорсуд оставил в СИЗО журналистку Фаворскую, обвиняемую в экстремизме за репортажи о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

«Посмотрите на этих губастых. Катастрофа!»: Александр Розенбаум против пластики в угоду моде



Москва

День открытых дверей прошел в колледже в Щелкове

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net