Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2021

Täjik ministri prezidentiň ýegenleriniň özüni urandygy baradaky habara bir aý soň reaksiýa bildirdi

0
Täjigistanyň saglyk we ilatyň durmuş goragy ministri Jamoliddin Abdullozoda täjik prezidentiniň üç ýegeni tarapyndan ýenjilendigi baradaky habara bir aýdan soň reaksiýa bildirdi. 


Ol hökümetiň “Jumhuriýat” (Respublika) gazetinde 25-nji awgustda çap edilen interwýusynda Emomali Rahmonyň ýakyn garyndaşlarynyň ýüz uran bozgaklygy baradaky habary ne tassyklady, ne-de ret etdi. 


Çeşmeler saglyk ministriniň 20-nji iýulda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň üç ýegeni tarapyndan ýenjilendigini habar berdiler. Täjigistan prezidentiniň ýerine ýetiriji edarasynyň ýanyndaky Lukmançylyk merkezinde bolan waka baradaky maglumat birnäçe çeşmä salgylanyp, 26-njy iýulda çap edildi.


Jamoliddin Abdullozodanyň "Jumhuriýat" gazetine beren interwýusynda tassyklamagyna görä, ol özüniň “ýenjilendigi  baradaky garaşylmadyk myş-myşlary" Moskwa iş sapary wagtynda, habar serişdelerinden eşidipdir. 


“Men aslynda hakyky esas bolmadyk myş-myşlara näme jogap berip bilerin? Bu töhmetleri ýaýradýanlar meniň  şol günler iş saparynda bolandygymy we ministrligiň baş edarasynyň mejlislerine onlaýn arkaly gatnaşýandygymy bilýän bolmaly” diýip, Saglyk ministrliginiň başlygy aýtdy.


Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň, Ozodi radiosynyň çeşmesiniň beren maglumatyna görä, ministr ýenjilenden bir hepde soň agentligiň onlaýn arkaly geçirýän ýygnaklaryna gatnaşyp başlapdyr, ýöne bir gezegem ýüzüni görkezmändir.


Saglyk ministri “Jumhuriýat” bilen geçirilen söhbetdeşlikde özüniň Moskwada anyk haýsy günlerde bolandygyny we rus kärdeşi ýa-da Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýleki ýokary derejeli işgärleri bilen nähili gepleşik geçirendigi barada takyk maglumat bermeýär. 


Mundan başga, Saglyk ministrliginiň metbugat merkezi hem pudak ýolbaşçysynyň Russiýanyň paýtagtyna eden saparynyň netijeleri barada şu wagta çenli hiç bir wideo ýa-da surat materialyny çap etmedi.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net