Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2021

Türkmen diplomatlary Owganystanda “Talybanyň” wekilleri bilen duşuşdy

0
Türkmenistanyň Hyratdaky we Mazar-i Şerifdäki baş konsullary “Talybanyň” Hyrat hem-de Balh welaýatlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyratdaky baş konsuly “Talybanyň”  Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.


Habarda aýdylmagyna görä, taraplar Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyrlar.


Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy duşuşygyň dostlukly ýagdaýda geçirilendigini aýdýar.


Şol bir wagtyň özünde, türkmen DIM-i 18-nji awgustda çap eden aýrybaşga habarynda Türkmenistanyň Mazar-i Şerifdäki baş konsulynyň hem “Talybanyň” Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirendigini habar berýär.


Türkmen häkimiýetleri, mälim bolan maglumatlara görä, 2021-nji ýylda “Talybanyň” wekilleri bilen azyndan üç gezek duşuşdy.


Geçe hepdäniň ahyrynda “Talybanyň” Kabulda häkimiýeti ele geçirmegi bilen ýüze çykan howpsuzlyk aladalarynyň arasynda daşary ýurt döwletleriniň wekilhanalary, hususan-da Günbatar ýurtlary öz raýatlaryny Owganystandan ewakuasiýa etmek işlerine bat berdi.


ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçler maýyň başynda Owganystandan doly yza çekilmäge başlaly bäri, “Talyban” Owganystanyň çäginde öz hüjümlerini ýaýbaňlandyrdy we yzly-yzyna welaýat merkezlerini gola saldy.


15-nji awgustda jeňçiler Kabuly aldy. “Talybanyň” çalt depginde öňe gitmeginiň arasynda ýurduň prezidenti Aşraf Gani, öz sözlerine görä, “gandöküşikligiň öňüni almak üçin” Owganystany terk etdi.


“Talyban” daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň hem-de  hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegi wada berýär. Ýöne Owganystandaky ençeme daşary ýurt wekilhanalary, şol sanda ABŞ, Britaniýa we beýleki günbatar ýurtlary howpsuzlyk aladalary bilen baglylykda öz raýatlaryny Owganystandan ewakuasiýa etmek işlerini batlandyrdy.


Türkmenistan birnäçe günläp Owganystandaky wakalar boýunça özüniň resmi pozisiýasyny beýan etmedi. Şol bir wagtyň özünde, Owganystandaky ýowuzlykdan gaçyp türkmen serhedine sygynan owgan harbylaryny we  ýerli etniki türkmenleri Türkmenistanyň çägine goýbermedi.


Türkmen hökümetiniň goňşy ýurtda bolýan wakalara reaksiýa bildirmezligi ýiti tankyda uçrady. Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi yzly-yzyna beýanat berip, türkmen hökümetiniň Owganystanda bolup geçýän wakalary ýakyndan synlaýandygyny, ýurtdaky türkmen wekilhanalarynyň adaty iş tertibinde öz işlerini dowam etdirýändigini hem-de türkmen-owgan gümrük geçelgeleriniň adaty tertipde işleýändigini mälim etdi.


Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 18-nji awgustda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin çap eden aýrybaşga beýanatynda Türkmenistanyň Owganystanda dowam edýän ewakuasiýa işleri üçin daşary ýurt döwletlerini öz howa giňişligi bilen üpjün edýändigini habar berdi.


Türkmenistan bilen Owganystan TOPH gaz geçirijisi, TOT demir ýoly ýaly transmilli taslamalara gatnaşýar. Iki goňşy ýurduň 800 kilometr töweregi serhedi bar.


“Talyban” wekilleri şu wagta çenli iki ýurduň arasynda geçirilen duşuşyklarda transmilli taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistany ynandyryp gelýär.


Türkmen diplomatlary "Talyban" Kabulda häkimiýeti ele geçireli bäri, toparyň wekilleri bilen Owganystanda duşuşan daşary ýurt diplomatlarynyň ilkinjileriniň hataryna girdi. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net