Basyşlar güýçlenýär. Belarusda ýene onlarça jemgyýetçilik guramasy ýapyldy
23-nji iýulda ýapylmagy buýrulan toparlara “Adam Konstanta” adam hukuklary merkezi, Atlar haýyr-sahawat guramasy, BelSetka Anti-AIDS topary, maýyplara kömek edýän guram, hatda bir haýwan hukuklary topary hem girýär.
Jemgyýetçilik guramalarynyň soňky ýapyşlygy Lukaşenkonyň ýurdy NGO-lardan, hökümetden aýry guramalardan doly “saplamak” baradaky haýbatynyň bir gün soňundan boldy. Ol bu guramalary “garakçylar we daşary ýurt agentleri” diýip atlandyrdy.
Şeýle-de, bu ýapyşlyk ýurduň howpsuzlyk güýçleri onlarça žurnalistiň we hukuk aktiwistiniň öýüne reýd geçirenden bir hepde soň boldy.
Umuman alanyňda, 51 sany jemgyýetçilik guramasy ýapylmak bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olaryň arasynda ýurduň iň uly we abraýly metbugat guramasy bolan Belarus žurnalistler birleşigi, 2015-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan Swetlana Alekseýewiçiň ýolbaşçylygyndaky ýazyjylar birleşigi, Belarus PEN Merkezi hem bar.
"Biziň näme üçin ýapylýandygymyzy bize hiç kim aýtmaýar” diýip, günbatardaky Brest şäherinde bosgun hukuklary ugrunda iş alyp barýan “Adam Konstanta” guramasynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.
