Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2021

Ermeni protestçileri premýer-ministriň işden aýrylmagyny talap edip hökümet binasyna girdi

0
Ermenistanda syýasy dartgynlylyk güýçlenýär. Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap edýän demonstrantlaryň bir topary paýtagt Ýerewanda hökümet binasyna girdi.


Ýaralananlar ýa-da tussag edilmeler barada dessine habar bolmady.


Geçen ýyl Azerbaýjanyň we etniki ermeni güýçleriniň arasynda Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde alty hepde dowam eden çaknyşykdan soň Paşinýan oppozisiýanyň onyň işinden aýrylmagyny talap edip geçirýän çykyşlaryna sezewar boldy. Ermenileriň ençemesi konflikti tamamlamak boýunça baglaşylan ylalaşygy masgaraçylykly ýitgi hökmünde kabul etdiler.


Geçen hepde Paşinýan, Baş ştabyň başlygynyň birinji orunbasary Tiran Haçatrýany işden aýyrandan soň, goşunda nägilelik döredi. Harby ýolbaşçy premýer-ministriň Azerbaýjana garşy söweşde ulanylan rus ýaraglary baradaky derňewini ýaňsa aldy.




Muňa jogap edip, ýokary derejeli harby işgärleriň onlarçasy Paşinýany we onuň hökümetini ýurdy “çökmek howpuna salmakda” aýyplaýan hata gol çekdi we onuň “mundan beýläk ermeni halky üçin bu möhüm ýagdaýda degişli karar berip bilmejekdigini” aýtdy.


Paşinýan geçen hepde ýokary derejeli harby resmileriň onuň özüniň we hökümetiniň iş başyndan çekilmegini talap etmegini "agdarylyşyk synanyşygy" diýip atlandyrdy we ýazgardy, şeýle-de baş harby ştabynyň ýolbaşçysy Onik Gaspariany işden boşatdy.


Ermenistanyň Howpsuzlyk Geňeşi 1-nji martda Sarkisýany Paşinýanyň Geňeşiň agzasy bolup, ýygnaga gatnaşmadyk Gaspariýany işden aýyrmak baradaky haýyşyny tassyklamaga çagyrdy.


Geňeş şeýle hem ýaragly güýçleriň syýasy ýagdaýa gatnaşmagyny ýazgardy we konstitusiýanyň "ýaragly güýçleriň raýat gözegçiligi astyndadygyny" anyk kesgitleýändigini belledi.


Paşinýan noýabr aýynda Orsýetiň araçylygyndaky ot atyşlygy bes etmek baradaky şertnama gol çekip, Daglyk-Garabagda 44 gün dowam eden gazaply söweşiň soňuna çykdy. Regionda ýerli ermeni güýçleri Azerbaýjanyň Türkiýe tarapyndan goldanýan goşuny bilen söweşlerde territorial ýitgilere sezewar bolupdy.


Premýer-ministr 1990-njy ýyllaryň başynda ermeni güýçleri tarapyndan basylyp alnan Daglyk-Garabagyň we Azerbaýjanyň töweregindäki ýedi etrapçanyň üstündäki gözegçiligi elden bermäge mejbur boldy, ermenileriň ençemesi muňa garşy boldy.


Parlamentde köplügi emele getirýän "Meniň ädimim" partiýasynyň baştutany Paşinýan oppozisiýanyň irki saýlawlar baradaky talaplaryny ret etdi we maslahatlaşmaga çagyrdy.


Oppozisiýanyň tarapdarlarynyň 1-nji martda ýene bir ýöriş geçirmegine garaşylýar, Paşinianyň tarapdarlary hem köçelere çykjakdyklaryny aýtdylar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net