Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 22.03.2021

Gyrgyz çagalary Yrakdan ene-atasyz gaýdyp geldiler

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň hökümeti "Meerim" ynsanperwerlik missiýasynyň çäginde, Yrakda galan graždanlarynyň 79 çagasyny ýurda gaýtaryp getirdi. Ýörite uçar 16-njy martda irden Bişkekde gondy. Kämillik ýaşyna ýetmedik 79 çaga ýörite taýýarlanan saglygy dikeldiş merkezine äkidildi. Ýöne bu çagalar öz watanyna ene-atasyz dolandylar. “Iki doganymyň çagalary gaýdyp geldi” Gyrgyzystana getirilen çagalaryň arasynda Oş oblastynyň Arawan raýonyndan bolan Marlisiň (ady üýtgedildi – redaksiýanyň belligi) iki doganynyň çagalary-da bar. Читать дальше...

Häkimiýetler mekdep okuwçylaryny, talyplary we býujet işgärlerini agaç ekmäge mejbur etdi

Azathabar.com 

Ýekşenbe güni Mary welaýatynda häkimiýetler ähli etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde hem-de daýhan birleşiklerde býujet işgärlerini, mekdep okuwçylaryny, talyplary we esgerleri arassaçylyk işlerine we bag ekmek çärelerine mejbury çekdi. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy dynç güni Mary – Baýramaly şaýolunyň ugrunda hem-de Murgap – Ýolöten aralygyndaky uly ýoluň ugrunda guran baglary aýyrmak we täze baglary ekmek işlerine adamlaryň mejbury gatnaşdyrylandygyny habar berýär.  Çärelere çekilen... Читать дальше...

Häkimiýetler Lebapdaky tupan barada dymýar, ejir çekenlere hemaýat bermeýär

Azathabar.com 

Lebapda geçen hepdäniň aýagynda turan weýrançylykly güýçli şemaldan soňra, welaýatyň käbir etraplarynda we oba ýerlerinde heniz hem elektrik tok we aragatnaşyk üpjünçiligi ýola goýulmady. Tebigy harasatyň netijelerini aradan aýyrmakda merkezi we ýerli häkimiýetlerden hemaýatyň berilmeýän pursady, sebitde gurluşyk harytlarynyň bahalary tas iki esse gymmatlady. Ýerli ilat güýçli şemalyň jaýlary bilen birlikde, ekin meýdanlaryna hem zyýan ýetirendigini aýdýar.



Türkmenistanda et gymmatlady

Azathabar.com 

Mary we Lebap welaýatlarynda iýmit önümleriniň, şol sanda etiň we süýdüň bahalary gymmatlaýar. Döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň bahalary hususy dükanlar bilen deňeşdirilende gymmatlygynda galýar. Bu aralykda, walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasy Maryda 31 manat 20 teňňe, Türkmenabatda 32 manat.

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Nowruzy üýşmeleň bilen belledi

Azathabar.com 

Dünýä ýurtlary koronawirus keseliniň ýaýbaňlanmagyna garşy göreşip, ykdysadyýetlere zyýan ýetirýän çäklendirmeleri we ýygnanyşyklara gadagançylygy girizýän wagtynda, Türkmenistanyň häkimiýetleri üýşmeleňli dabaralar bilen Nowruz baýramyny belleýärler. Türkmenistan ýurda koronawirus keseliniň aralaşmandygyny resmi derejede aýdýan hem bolsa, öz ilatynyň ýurduň içinde erkin hereket etmek mümkinçiligini çäkli saklamagyny dowam etdirýär.        21-nji martda, Nowruz baýramçylygynyň ilkinji gününde,... Читать дальше...

Astrahanda türkmen studenti ýol hadysasynda heläk boldy

Azathabar.com 

6-njy martda Astrahanda 23 ýaşly türkmenistanlynyň ýol heläkçiliginde aradan çykandygy habar berilýär.    “Turkmen.news” neşirini 21-nji martda çap eden maglumatyna görä, awtoulagyň kakmagy zerarly ýogalan türkmenistanly Arslanbek Muhiddinow Astrahanyň döwlet tehniki uniwersitetinde bilim alyp, nebit-gaz biznesi boýunça okapdyr.  Türkmen studentiniň ölümi baradaky habaryň WKontakte sosial ulgamyndaky "Žest Asrtahani" toparynda 6-njy martda çap bolandygyny neşir belleýär. Habarda, polisiýanyň metbugat gullugyna salgylanyp... Читать дальше...

“AstraZeneca” ABŞ-nyň barlagy waksinanyň 79% netijelidigini görkezdi diýýär

Azathabar.com 

Britan-şwesiýaly derman öndüriji "AstraZeneca" COVID-19 keseline garşy waksinasy boýunça ABŞ-nyň geçiren barlag synaglarynyň onuň 79% netijelidigini görkezýändigini habar berdi. ABŞ-nyň barlagyna 30000 meýletinçi gatnaşdy, olaryň üçden iki bölegine sanjym berildi, galanlary plasebo ýagny derman bolmadyk serişde aldy. Derman kompaniýasy 22-nji martda beren beýanynda COVID-19 waksinasynyň simptomatiki COVID-yň öňüni almakda 79% täsirlidigini we agyr keselleriň hem hassalaryň hassahana düşmeginiň öňüni almakda 100% täsirlidigini aýtdy. Читать дальше...

AI FIFA-ny iş migrantlarynyň hukuklary ugrunda Katara basyş etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

"Amnesty International", dünýäniň futbol guramasy FIFA-ny 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyny geçirýän Katara bu ýurtda migrant işçileriň hukuklaryny gowulandyrmak üçin basyş etmäge çagyrdy. "Katar, soňky ýyllarda Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça şertnama baglaşandan soň geçirilen barlaglaryň köpelmegine jogap hökmünde ençeme oňyn özgertmeleri geçirdi, ýöne köplenç olar dogry ýerine ýetirilmeýär we müňlerçe migrant işçiniň ekspluatasiýa we zuluma sezewar edilmegini dowam etdirýär" diýip, adam... Читать дальше...

Germaniýa Ýewropada wirusyň köpelmegi zerarly çäklendirmeleri dowam etdirmekçi bolýar

Azathabar.com 

Germaniýa wirusyň üçünji tolkunynyň kontinente hüjüm etmegi sebäpli täze çäklendirmeleri girizen iň soňky Ýewropa döwleti boldy we bölekleýin çäklendirmeleri uzaltmaga taýynlanýar. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we döwlet ýolbaşçylary 22-nji martda koronawirusa garşy çäreler barada maslahat etmek üçin ýygnanýarlar. Ýerli habar beriş serişdeleri Merkeliň edarasynyň çäklendirmeleri 18-nji aprele çenli uzaltmagy teklip edýändigini habar berdiler. Ýewropanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Germaniýa... Читать дальше...

Hytaý kanadaly öňki diplomata içalyçylykda şübhe bildirip, suda çekdi

Azathabar.com 

Kanadanyň öňki diplomaty Maýkl Kowrigiň Hytaýda içalyçylykda bildirilen aýyplama esasynda 22-nji martda başlanan sudy Ottawa bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy. Bu kazyýet işi 19-njy martda kanadaly telekeçi Maýkl Spaworyň ýapyk geçirilen sud diňlenişiginiň yzýanyna gabat geldi. Telekeçi 2018-nji ýylyň dekabrynda Kowrigiň tussag edilmeginden soň gysga wagtyň içinde saklanypdy. Iki kanadalynyň iki ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanmagy Kanadanyň Hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy... Читать дальше...

Спорт в России и мире
Москва

Команда Орловской области стала победителем хоккейного турнира среди команд Черноземья


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В Москве прошел ливень «летней интенсивности»





Путин в России и мире
Москва

Politico: Россия проиграет войну с НАТО, предупреждает Польша (Topmember)


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Это - война: литовские беспилотники попытались атаковать Минск




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Дух разделения в Святой Руси, или Можно ли лишиться сана за отпевание Навального*



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Певица

Певица Ольга Бузова прошла плановый осмотр в больнице



Москва

Умяров и Маслов — в стартовом составе «Спартака» на дерби с «Локомотивом»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net