Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Türkiýeden gül satyn almakda birinji bolan Aşgabat şu ýyl 30 million düýp nahal eker

0
Türkmenistanyň prezidenti 12-nji fewralda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýbini ekmek baradaky karara gol çekdi.


Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek üçin ekilýän nahallaryň sanynyň 30 milliona çenli köpeldilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň sentýabrda belleniljek 30 ýyllygy bilen baglanyşdyrylýar.


Ekiljek nahallar, öňki ýyllardaky ýaly, bu ýylam ýurt boýunça deň bölünmän, Aşgabat töweregine uly artykmaçlyk berilýär. Has anygy, 2021-nji ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahal, galan sebitleriň häkimliklerine bolsa 20 million düýp nahal ekmek tabşyryldy.


Şeýle-de, ekilen nahallaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


Türkmenistan gurak klimatly ýurt bolansoň, tomsuň uzaga çekýän yssysynda, üstesine, uzak ýyllar gowaça ekilip şorladylan ýerlerde gowy ideg edilmeýän bag nahallarynyň düýp tutmasy kyn bolýar we ýerli synçylar soňky onýyllyklarda ekilen baglaryň uly böleginiň gurandygyny aýdýarlar.


Ýöne häkimiýetler bu ugurdaky anyk maglumatlary, şol sanda her ýyl daşary ýurtlardan bag nahallaryny satyn almak üçin çykarylýan çykdajylaryň möçberini gizlin saklaýarlar.


Şol bir wagtda, bag nahallary ekilýän wagtynda mejbury zähmetiň ulanylýandygy, býujet işgärlerinden mejbury-meýletin ýagdaýda serişde ýygnalýandygy habar berilýär.


Şu aralykda, "Anadolu" agentliginiň Türkiýäniň resmi maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan geçen ýylyň dowamynda bu ýurtdan gül import etmekde birinji bolup, 239,5 müň dollarlyk gül satyn aldy.


Ýerli synçylaryň hasaplamalaryna görä, soňky onýyllyklarda ekilendigi aýdylýan bag nahallarynyň, şol sanda miweli baglaryň, üzümiň we tut agaçlarynyň ýarysy boý alyp giden ýagdaýynda hem, bu wagta çenli ýurt bagy-bossanlyga öwrülmeli, miwe, üzüm importyny bes edip, has köp ýüpek öndürýän ýurda öwrülmeli.


Şeýle-de, synçylar ýylda ekilýän nahallar daşardan satyn alynman, ýurt içinde döredilen hahalhanalarda ýetişdirilse, bu iş hususy adamlar tarapyndan amala aşyrylsa, müňlerçe işsize iş ornunyň döredilmegine kömek boljagyny belleýärler.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net