Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Dünýä Türkmenleri: 2020-nji ýylyň jemleri

0

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň ýylyň jemlerine bagyşlanýan ýörite sanyny diňlemäge çagyrýarys, hormatly diňleýjiler.

Onuň dowamynda dünýä türkmenleriniň durmuşy bilen bagly 2020-nji ýylda bolan esasy wakalara gysgaça synymyzy eşitdirýäris.

Biz ýylyň dowamynda gepleşigimiziň agramly bölegini Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally hem-de Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň esasynda siz diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirdik. Ýylyň jemlerine bagyşlanýan ýörite sanymyzy hem şeýle söhbetdeşlik bilen tamamlarys.

Köne 2020-nji ýyl tamam boldy. Ýyl köpleriň ýadynda koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä ýurtlarynda girizilen çäklendirmeler, wirus ýokaşan adamlar baradaky hasabatlar, şeýle-de koronawirus baradaky habarlar bilen ýatda galandyr.

2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýdan uç alan täze koronawirus infeksiýasy 2020-nji ýyla geçip, tutuş dünýä ýaýrap başlady. Bütindünýä saglyk guramasy mart aýynda koronawirusy pandemiýa yglan etdi.Keseliň pandemiýa yglan edilmegi bilen, wirusyň ýaýramagyny haýallatmak tagallalarynyň çäginde dünýä ýurtlary ýeke-ýekeden petiklemeleri we hereket çäklendirmelerini girizip başlady. Serhetler ýapyldy. Ýapylan serhetler we girizilen beýleki çäklendirmeler daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hem durmuşyna öz täsirini ýetirdi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň koronawirusa garşy göreş tejribeleri bilen bagly ajy habar mart aýynda Türkiýeden gelip gowuşdy. Türk metbugatynyň habarlaryna görä, Türkiýede ýaşaýan 60-a golaý türkmenistanly migrant “koronawirusdan goranmak üçin” ýasama arak içip, ýat ýurtda jan berdi. Bu hem koronawirusa garşy goranmak üçin dogry maglumatlaryň ähmiýetini ýene bir gezek açyp görkezdi. Galyberse-de, Türkmenistandaky sosial-ykdysady problemalara gytaklaýyn üns çekdi. Ýurtlaryň arasynda hereket çäklendirmeleri dowam edýän wagty türkmen migrantlarynyň başyna gelen bu pajygaly wakada aradan çykan türkmenistanlylar Türkiýede jaýlandy.

Aradan bir aý töweregi wagt soň, köpler koronawirusa gümra wagty, apreliň ahyrlarynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turjak betbagtçylykly tebigy harasatdan entek öňünden hiç kimiň habary ýokdy. 27-nji aprelde Lebapda we Maryda güýçli ýel turdy. Harasat sebit ýaşaýjylarynyň durmuşyna agyr täsir etdi. Köp sanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar hatardan çykdy. Adam pidalary barada habarlar berildi.

Tebigy harasata türkmen häkimiýetleriniň görkezmedik reaksiýasy daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda protest hereketlerini möwjetdi. Maý aýyndan başlap, Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenistanlylar türkmen hökümetine garşy iki-ýeke protest aksiýalaryny gurnap başladylar. Ozal türkmenler üçin adaty bolmadyk protest howasy türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasyna aralaşdy. Protestçiler öz aksiýalarynyň guramaçylygynda sosial mediadan peýdalandy.

Türkmenistan ilki ne koronawirusy, ne-de aprelde bolan harasaty resmi taýdan boýun aldy. Tolgunyşygyň arasynda tomsuň ortalarynda Bütindünýä Saglyk guramasynyň bilermenler topary Türkmenistana sapar edip, “Türkmenistanda ýok koronawirusy” öz gözleri bilen görmek isledi. Ýöne olar aradan on gün geçenden soň, ýurtda koronawirusyň ýokdugy barada hökümetiň aýdýanlary bilen ylalaşyp, baran uçarlary bilen yzlaryna dolandy. Ýöne gaýtmazdan öň türkmen häkimiýetlerine “ýurtda koronawirus ýok bolsa-da edil bar ýaly hereket etmegi” maslahat berip ýetişdiler. Olar gaýdandan soň, Türkmenistanda koronawirusyň ýurda getirilmeginiň öňüni almaga gönükdirilen çäreler ýygjamlaşdy, mejbury maska düzgünleri girizildi, bazarlar ýapyldy we transport gatnawlaryna çäklendirme girizildi.

Awgustyň ahyrlaryndan başlap, türkmen hökümeti pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmek işlerini güýçlendirdi, “Türkmenistan” howa ýollary gullugy Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki käbir ýurtlardan ýörite çarter gatnawlaryny gurady.

2020-nji ýyl diňe bir Türkmenistan üçin däl, region üçin, hususan-da birnäçe GDA ýurdy üçin tolgunyşykly ýyl boldy. Awgustda Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzýany, onuň Alýaksandr Lukaşenkany prezident yglan eden netijelerine garşy çykan oppozisiýa protestçileri yzygiderli köçelere çykyp, protest aksiýalaryny geçirdi. Oktýabrda Gyrygyzystanda geçirilen parlament saýlawlarynyň yz ýany, onuň netijelerine garşy çykan protestçileriň gazaply çykyşlary soňy bilen iş başyndaky prezident Sooranbaý Jeenbekowyň wezipeden çekilmegine alyp geldi. Ermenistan we Azerbaýjan arasynda Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde sentýabryň ahyrynda turan söweşler noýabra çenli alty hepdeden gowrak wagt dowam etdi.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginde ýylyň dowamynda koronawirus habarlary, dünýä ýurtlarynyň oňa garşy göreş tagallalary; türkmen edebiýaty, medeniýeti, sungaty, şol sanda, türkmenleriň aýdym-saz sungaty; türkmen intellektinde çuňňur yz galdyran Magtymguly Pyragy; türkmen halk ertekileriniň mazmuny we olaryň dünýä türkmenlerine elýeterliligi; türkmeniň ýakyn taryhy; Gökdepe gerçekleriniň hatyralanmagy; türkmen durmuşynyň sowetleşdirilmegi; Orta Aziýada milli-döwlet bölünişigi; Türkmenistanda ýer-ýurt atlary we olara döwrüň täsiri; “türkmençiligiň” döwrebaplyk synagy; owgan türkmenleriniň aladalary, şol sanda olaryň elipbiý aladalary, bu aladalarynyň ýerine gowuşmagy; olaryň ykdysady we durmuş kynçylyklary; owgan türkmenlerine Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömekleri; türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine owgan türkmenleriniň bildirýän umydy; owgan türkmenleriniň medeni we jemgyýetçilik guramalarynyň geçiren çäreleri; eýran türkmenleriniň konsullyk aladalary; eýran türkmenleriniň medeni hukuklarynyň depelenmegi; olara türkmen adam atlarynyň gadagan edilmegi; Eýranda türkmen we pars dillerinde çap edilýän “Sähra” žurnalynyň ygtyýarnamasynyň ýatyrylmagy; daşary ýurtlarda türkmenistanlylaryň geçiren mitingleri we olarda sosial medianyň oýnan roly; Belarus wakalarynyň Türkmenistana düşýän kölegesi ýaly temalarda gepleşikleri diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirdik.

Owgan türkmenleri barada dekabrda efire berlen gepleşigimiz Demirgazyk Owganystanda dokuz ýaşly bir ýaş çaganyň ogrular tarapyndan alnyp gaçylmagy, onuň zamun alynmagy we muňa türkmenleriň bildiren reaksiýasyna gönükdirildi. Owgan türkmenleri birnäçe günläp zamun alnan ýaş çaganyň boşadylmagy ugrunda protest aksiýalaryna dowam etdi.

Biz bu gepleşikleriň agramly bölegini Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally hem-de Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady bilen geçirilen söhbetdeşlik esasynda taýýarladyk. Geliň häzir, ýylyň jemlerine bagyşlanan soňky gepleşigimizde Hudaýberdi Hally hem-de Şamerdanguly Myrady bilen geçiren soňky söhbetdeşligimizi diňläliň, hormatly diňleýjiler.

Dünýä ýurtlary 2021-nji ýyla uly umyt bilen gadam basýar. 2020-nji ýylyň ahyrlarynda koronawirusa garşy waksina habarlary ýaýrady, eýýäm birnäçe ýurt sanjym işlerine girişdi.

Goý, 2021-nji ýyl saglykly, yrsgally, bereketli ýyl bolsun, hormatly diňleýjiler.

Dünýä Türkmenleri siziň her biriňiziň maşgala ojaklaryňyza saglyk, agzybirlik, rysgal-döwlet, bereket arzuw edýär!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о внедрении ЕМИАС в федеральных и региональных медучреждениях


Спорт в России и мире
Москва

Сезон 2024 года открыт!


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Ига Свёнтек

«Ну и кто сказал, что женский теннис — это скучно?» Свёнтек — после матча с Соболенко


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Пресс-релиз | CRYPTONIUM | Новая экосистема для заработка на криптовалюте | Арбитраж | Трейдинг | Обучение





Путин в России и мире
Москва

Путин приехал в храм Христа Спасителя на пасхальную службу


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Русских заявил о субсидировании новых авиарейсов до Минска




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Анастасия Волочкова

Кудрявцева отправила сообщение Волочковой с призывом бросить пить алкоголь



Москва

Открытие ХХIII Московского Пасхального фестиваля: Воскресение и Музыкальное Созвучие

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net