Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Onlarça türkmenistanly türkmen hökümetine garşy Stambulda ýene bir miting geçirdi (WIDEO)

0
Türkiýede ýaşaýan onlarça türkmenistanly 26-njy iýunda Stambul şäheriniň “Ýenikapy” meýdanynda Türkmenistanyň hökümetine garşy ýene bir protest aksiýasyny geçirdi.


Ony gurnaýjylaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, mitingiň öz işine başlamagynyň yzýany, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň iki işgäri proteste ýygnananlary ýerli türk kanun goraýjy gulluklarynyň kömegi bilen dargatdylar.


Azatlyk Radiosyna gowşan wideolarda we suratlarda proteste ýygnananlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz nägileliklerini beýan etdiler. Olaryň ençemesi proteste ýüzleri maskaly, käbirleri başgaply we gözleri äýnekli gatnaşdylar. Şeýle-de, olaryň arasynda prezident Berdimuhamedowyň suraty çekilen futbolka geýnip surata düşen adamlary hem görmek bolýar.


Mitingi gurnaýjylardan aktiwist Çemen Öre anna güni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda protest çäresine ilkibaşda 100 töweregi adamyň gatnaşmagyna garaşylandygyny, ýöne 50 töweregi adamyň gatnaşandygyny habar berdi.


Ol türkmen konsulhanasynyň iki işgäriniň mitinge ýygnananlara meçew bermek üçin ol ýere barandyklaryny we olardan biriniň türkmenistanly aktiwist Ömruzak Omarkulyýewi 2018-nji ýylda aldaw ýoly bilen Türkiýeden Türkmenistana äkitmek operasiýasyna gatnaşan Azat Jepbarow atly konsulhana işgäridigini gürrüň berdi.


Mitingden gowşan suratlarda Azat Jepbarowdygy aýdylýan ýüzi nikaply bir adamyň suratlaryny görmek mümkin.




Wideolarda Türkiýäniň kanun goraýjy edaralarynyň wekilleridigi aýdylýan adamlaryň ýygnananlara “bu çäräniň türk häkimiýetlerinden birugsat geçirilýändigini” düşündirişlerini eşitmek mümkin.


Aktiwist Çemen Öre 26-njy iýunda mitingden soň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýygnananlary dargadan türk kanun goraýjy işgärleriň biriniň mitingi gurnaýjylardan bir aýal maşgalanyň üstüne topulandygyny we ony silterländigini habar berdi.


Çemen Öre türkmenistanlylaryň geçirýän protest aksiýalaryna Türkmenistanyň konsulhana işgärleriniň näme sebäpden “meçew bermek üçin” barýandyklaryny, ýöne näme sebäpden olaryň haçan-da Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede heläk bolanda, ýa-da başga kynçylyklara sezewar bolanlarynda olaryň halyndan habar almaýandyklaryny sorady.


Azatlyk Radiosy Stambulda geçirilen soňky protest çäresi barada Türkmenistanyň Stambuldaky wekilhanalaryndan kommentariýa alyp bilmedi


Türkiýede geçirilen bu protest aksiýasy soňky bir ýarym aý töweregi wagt bäri Demirgazyk Kiprde, Türkiýede we ABŞ-da ýaşaýan türkmenistanlylaryň türkmen hökümetine garşy geçiren mitingleriniň soňkusydyr.




Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdeleri türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda geçirýän protest çäreleri barada habar bermeýär.


Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňýany, 28-nji iýunda ABŞ-da türkmen ilçihanasynyň gabatlarynda, şeýle-de Moskwada Türkmenistanyň hökümetine garşy täze protest çärelerini meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar.


Protest çärelerine gatnaşýan türkmenistanlylar Türkmenistanda syýasatyň awtoritardygyny aýdýarlar we ýurtdaky ykdysady kynçylyklary agzap, pandemiýanyň fonunda ýurduň gündogar sebitlerinde turan harasada türkmen hökümetiniň görkezmedik reaksiýasyny tankyt edýärler. Galyberse-de, olar öz çykyşlarynda prezident Berdimuhamedowy berk tankyt edip, ony wezipeden çekilmäge çagyrýarlar.


25-nji iýunda turkmen.news neşiri hökümete garşy listowkalaryň ýek-ýarym ýurduň içinde-de peýda bolup başlandygyny habar berdi.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle listowkalara heniz özleriniň duş gelmändigini 26-njy iýunda habar berdiler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net