Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Türkmenistanda pnewmoniýanyň möwç alýan wagtynda lukmanlar heläk bolýar

0
Türkmenistanda güýçli pnewmoniýanyň ýaýramagy dowam edýärkä Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we garaşsyz neşirleriň habar bermegine görä, ýurduň hassahanalary dem alyş problemalary bolan näsaglaryň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegini başdan geçirýär we lukmanlar izolýasiýa edilýär. Lukmançylyk işgärleriniň we hassalaryň arasynda ölüm bar. Tiz kömek gulluklary ýetişiksiz ýagdaýda işleýär. Häkimiýetler ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýärler, lukmanlar bolsa munuň COVID-19 keselidigine ynanýarlar.


Türkmen lukmanlary we ilat häkimiýetleriň ýurtda koronawirusy inkär etmek syýasatlaryndan ejir çekýärler. Häzirki wagtda ýurtda pnewmoniýanyň ýaýraýan wagtynda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda COVID-19-dan saglyk işgärleriniň ölýändigine degişli anyk wakalar mälim boldy.


"Welaýat keselhanalarynyň lukmanlary yzygiderli ölýärler. Iň soňkusy 1965-nji ýylda doglan lukman. Balkanabat şäher hassahanasynda ýokanç kesel hünärmeni bolup işledi. Häkimiýetler munuň COVID keselidigini aýtmaýarlar, ýöne onuň COVID-den ölendigini her kim bilýär. Lukmanlar hakykatdanam häkimiýetleriň nädogry syýasatlaryndan ejir çekýärler" diýip, Türkmenistan hökümetine ýakyn çeşme 16-njy iýunda Azatlyk Radiosyna aýtdy. Azatlyk çeşmeleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny saklamak üçin lukmanyň adyny aýtmakdan saklanýar.


15-nji iýunda Azatlygyň habarçylary öýken keseli bilen kesellänleriň köpelen wagtynda paýtagtyň ýokanç keseller hassahanasynyň işgärlerine öýlerine gitmäge we telefon ulanmaga rugsat berilmeýändigini anykladylar.


16-njy iýunda Azatlygyň habarçylary Aşgabat keselhanalarynda bolup geçýän wakalar barada täze maglumatlary habar berdiler: "Ýokanç keseller hassahanasynyň şepagat uýasy birnäçe wagt ozal garyndaşlaryna jaň edip, 14 gün karantiniň bardygyny habar beripdi, bir hepde soň bolsa jaň edip, karantiniň 28 gün dowam edip biljekdigini duýdurdy".


Habarçynyň sözlerine görä, paýtagtyň ýokanç keseller merkezindäki karantin, COVID-19 hadysalary bilen baglanyşykly. Bu ýerde azyndan iki adam koronawirus sebäpli ýogalypdyr.


Mundan başga-da, Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtyň tiz kömek işgärleri häzirki wagtda gyssagly ýagdaýda işleýärler, köp awtoulag bazasyna dolanmaga wagt tapmaýar we indiki jaň boýunça barmaly bolýar. Lukmanlara agyr düşýär.


16-njy iýunda Aşgabatdaky habarçymyz: "Tiz kömek dostlarymyň ýanyna 1,5 sagat gijä galyp geldi we lukman ötünç sorady, görlüp-eşidilmedik derejede köp çagyrylýandygyny aýtdy. Ol lukmanyň özi kömege mätäçdi, ýadawdy"diýip, habarçymyz aýtdy.


Habarçymyz, tiz kömek çakylyklarynyň köpelmeginiň sebäpleriniň belli däldigini, soňky günlerde howanyň yssydygyny, ýürek agyrysy, ýokary gan basyşy we çagalarda temperaturanyň bolmagy ýaly alamatlar bilen ýüz tutulýandygyny, belleýär. Şeýle-de, bu ýagdaý pnewmoniýa we dem alyş keselleriniň ýaýramagynyň fonunda ýüze çykýar.


Garaşsyz turkmen.news neşiri Howdan etrapçasynda ýerleşýän Aşgabatdaky dokuzynjy hassahanasynda birnäçe lukmanyň we şepagat uýasynyň koronawirus barlagynda koronawirusyň tapylandygyny, wirus ýokaşan näsaglaryň bardygyny we olaryň hemmesiniň gözegçilik astynda saklanýandygyny habar berdi. Mundan başga-da, Türkmenabatdaky täze sebit keselhanasynyň ýokanç keseller bölüminde ýiti pnewmoniýa diagnozynyň bardygyny we olaryň sanynyň öň hiç wagt şeýle köp bolmandygyny neşir belleýär.


Şeýle-de, turkmen.news 15-nji iýunda Lebap welaýatynyň käbir döwlet edaralaryna 16-njy iýundan başlap ähli işgärleriň iş ýerlerinde maskaly bolmagy barada Saglyk ministrliginden hat gelendigini habar berdi. Maglumatda bellenişine görä, bu talap hassahanadaky ýagdaý bilen baglanyşyklymy ýa-da BSG-niň missiýasynyň ýurda gelmegine taýýarlyk üçin edilýärmi, belli däl.


Türkmenistanda koronawirusyň düýpden ýokdugyny aýdýan häkimiýetler we döwlet habar beriş serişdeleri pnewmoniýanyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy hem beýan etmeýärler. Ýurtdaky ýagdaý barada garaşsyz habar çeşmeleriň maglumatlaryny hem kommentirlemeýärler.


BSG-niň halkara ekspertleriniň Türkmenistana barmagy ýurduň COVID-19 keseli bilen bagly ýagdaýyny anyklaşdyrar diýlip garaşylýar. BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň başlygy missiýanyň planlaşdyrylan saparyny 23-nji aprelde yglan etdi, şondan bäri bu gurama ýurda baryp görmek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirip gelýär. Ýöne COVID-19 boýunça missiýanyň Türkmenistana bir ýarym aýdan gowrak wagt bäri garaşylýan sapary başa barman gelýär. BSG-niň metbugat gullugynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, gepleşikler henizem saparyň maddy-tehniki üpjünçiligi barada ylalaşmak tapgyrynda galýar.


"Missiýa barada hiç hili täzelik ýok, logistikanyň üstünde işleýäris" - diýip, Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky býurosynyň metbugat gullugynda Azatlyk Radiosyna 12-nji iýunda habar berdiler.


4-nji iýunda Türkmenistanyň ýarym resmi neşiri “Turkmenportal” BSG-niň missiýasynyň Türkmenistanda COVID-19 bilen ýagdaýy görmek üçin saparynyň ylalaşylandygyny habar beripdi. Hökümete tarapdar bu türkmen saýty, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetine we Sputnik habar gullugyna salgylanyp beren şol habarynda, BSG-niň Türkmenistana saparynyň iki hepdäniň içinde gurnaljakdygy, zerur ylalaşygyň gazanylandygy we "BSG-niň wekilleriniň ýurtda ýerleşmegine degişli işleriň alnyp barylýandygy" aýdyldy.


Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19 ýokdugyny öňe sürmek bilen, bu keseli anyklamak boýunça edilýän synanyşyklar barada maglumatlary, şeýle hem ilatyň saglyk ýagdaýyna degişli umumy statistikany çap etmeýär.


Azatlyk Radiosy bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň saglyk işgärleri ýurtda COVID-19 diagnostikasynyň netijesinde keseliň anyklanan pursatlarynyň köp bolandygyny, şol sanda ölüm howply ýagdaýlary habar berdiler. Emma olar koronawirusy hasaba almagyň, kesele mahsus alamatlary agzamagyň, şeýle hem COVID-19 hakda gürleşmegiň özlerine gadagan edilýändigini aýdýarlar.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär


 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net