Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2020

Türkmenistan 'strategiki hyzmatdaşlygy' nygtap, rus tehnologiýalaryny we teplowozlaryny alýar

0
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow rus kompaniýalarynyň “Maryazot” önümçilik birleşigini döwrebaplaşdyrmagy, rus teplowozlarynyň satyn alynmagy baradaky teklipleri goldady.


15-nji maýda geçen hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, rus kompaniýalary bu kärhanada ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgany we beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamagy teklip edýär.


“Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaşymyz” diýip, döwlet baştutany Türkmenistanyň rus hyzmatdaşlardan zerur gurluşyk serişdelerini, tehnikalary, enjamlary satyn alýandygyny, Orsýetiň bolsa türkmen önümlerini satyn almaga barha kän gyzyklanma bildirýändigini sözüne goşdy. Emma habarda Orsýetiň Türkmenistandan satyn alýan önümleri we olaryň möçberi anyklaşdyrylmaýar. 


Şeýle-de mejlisde Orsýetden ýük we ýolagçy teplowozlaryny satyn almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.


Wise-premýer B.Öwezowyň sözlerine görä, häzirki wagtda Orsýetiň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän ýük teplowozlarynyň hem-de ýolagçy teplowozlarynyň hersinden ikisini satyn almak göz öňünde tutulýar.


Mundan öň Türkmenistanyň Orsýetden satyn alýan "Kamaz" ýük awtoulaglarynyň sanynyň barha artýandygy, resmi Aşgabadyň Orsýetiň dünýä bazarynda geçmeýän “Aurus” awtoulaglaryny hem satyn alýandygy habar berildi.


Synçylar Aşgabadyň Moskwa bilen arada bozulan söwdasyny şindi hem öňki derejelerine ýetirip bilmeýändigini, emma muňa garamazdan, özi günbatar tehnologiýalaryna mätäç bolan Orsýetiň dünýä bazarynda bäsleşip bilmeýän enjamlaryny has kän satyn almaga başlandygyny, şonuň bilen bir wagtda çil mal bazasy bolup galýandygyny belleýärler.

 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net