“Talybanyň” gündogar Owganystanda ýük ulagly amala aşyran bomba hüjüminde azyndan bäş adam öldi
14-nji maýda Owganystanyň gündogaryndaky Paktia welaýatynyň Gardez şäherinde kazyýet binasynyň gabatlarynda amala aşyrylan ýük ulagly bomba hüjüminde azyndan bäş adam öldürildi diýip, resmiler aýdýarlar.
“Ulagly bomba partlamasy köp ilatly ýerde, Gardez şäherindäki harby kazyýetiň gabatlarynda bolup geçdi. Onlarça raýatyň ölmeginden we ýaralanmagyndan gorkulýar” diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Tarik Arian aýtdy.
Paktia welaýatynyň harby metbugat wekili Emal Han Momand hüjümiň partlaýjy madda doldurylan ýük ulagda amala aşyrylandygyny aýtdy.
Bäş adam öldi 14 adam ýaralandy diýip, Momand aýtdy.
“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid beren beýanatynda bu hüjüme öz jeňçi toparynyň jogapkärdigini aýtdy.
Arian hüjüm boýunça “Talyban” bilen iltewli “Hakkani” toparyny günäkärledi.
Partlama 12-nji maýda ýaragly adamlaryň Kabulda çagalar hassahanasyna hüjüm edip 24 adamy, şol sanda eneleri we täze doglan çagalary öldürmeginiň yzýany boldy.
Şol gün gündogar Nangaharda bir jynaza çäresine edilen hem-de “Yslam döwleti” jeňçi toparynyň jogapkärçiligi öz üstüne alan janyndan geçeniň hüjüminde 32 adam öldi.
“Talyban” Birleşen Ştatlary bilen jeňçi toparyň arasynda gol çekilen hem-de 18 ýyllyk konflikti bes etmegi maksat edinýän möhüm ylalaşyga howp abandyrýan zorluklaryň köpelýän wagtyna gabat gelen bu hüjümlere gatyşygyny inkär etdi.