Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2020

Täjigistanda familiýanyň hem atasynyň adynyň ruslaşdyrylmagyna gadagançylyk kanunlaşdyryldy

0
Täjigistanda indiden beýläk adamyň familiýasynyň yzynda ulanylýan «-ow/-owa» hem-de «-ýew/-ýewa» we atasynyň adynda gelýän «-owiç/-owna» hem-de «-ýewiç/-ýewna» rus suffikslerini ulanmak gadagan edilýär. Diňe milli azlykdakylar üçin, bu kanundan çykmak göz öňünde tutulýar.


 


 


Täjigistanyň Mejlisiniň 28-nji aprelde geçen maslahatynda kabul edilen karara laýyklykda, Täjigistanda graždanlyk aktlarynyň döwlet registrasiýasyny girizilen üýtgeşmä laýyklykda amala aşyrmak karar edildi. Kanun taslamasyny öňe sürenleriň pikirine görä, bu çäre graždanlaryň öz kimligine düşünmek hem milli özboluşlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.


Ýurduň parlamentiniň aşakky öýünde, bu proýekti öňe süren Täjigistanyň adalat ministri Muzaffar Aşuriýon mundan beýläk täjik familiýalary ýazylanda, onuň yzyndan gelýän rus goşulmalary gadagan edilmeli diýdi.


Familiýanyň yzyndan gelýän rusça goşulmalara derek graždanlar täjik goşulmalaryny, meselem, «-zoda», «-iýon» ýaly bölekleri ulanyp bilerler diýip, ol belledi. Onuň sözüne görä, rus hem beýleki milli azlykdakylara beýle düzgün degişli bolmaz, olar öz familiýalaryna laýyklykda «-ow/-owa», «-owiç/-owna» hem beýleki suffiksleri ulanyp bilerler. Ýatlatsak, Täjigistanda segsenden gowrak milletleriň hem halkyýetleriň wekilleri bar.


Şeýle hem Aşuriýonyň bellemegine görä, bu täze kanun eýýäm pasportyndaky familiýasynda «-ow/-owa», «-owiç/-owna» goşulmalary bolanlara degişli bolmaz, kanun diňe geljekde öz familiýasyny ýa-da adyny üýtgetmekçi bolýan graždanlara hem-de öz şahsyýetini tassyklamak üçin ilkinji gezek dokument alýanlara degişli ediler.


“Mundan beýläk täze dünýä inen çaganyň familiýasy milli aýratynlyga degişli sözler hem goşulmalar bolan «purduht», «i», «zod», «zoda», «on», «ýon», «iýon», «niýor», «far» bilen ýazylar hem-de «ow»/«owa», «ýew»/«ýewa» goşulmalaryny ulanmak gadagan ediler” diýip, Aşuriýon aýtdy.


Aşuriýonyň sözüne görä, eger çaganyň hossarlary dürli milletden bolsa, oňa familiýa bermek iki hossaryň hem razylygynda, milli kanunalaýyklyk esasynda, kakasynyň ýa-da ejesiniň familiýasyny alyp biler. Şonuň bilen birlikde adalat ministri: «Adam adyndaky milli aýratynlyk adamyň kimligi baradaky garaýşynyň emele gelmeginde örän möhüm faktor bolup durýar» diýip, kabul edilýän kanun aktynyň möhümdigini aýratyn nygtady.


Täjigistanda soňy rus goşulmaly familiýadan ýüz öwürmek hem-de atasynyň adyny ulanmazlyk ýurduň prezidenti 2007-nji ýylda milli däpleri ýatladandan hem-de öz adyny Rahmonow Emomali Şaripowiç bolanlygyndan, Emomali Rahmon diýip üýtgedensoň başlanypdy. Şondan soň Täjigistanyň gaty köp çinownikleri, soňrak ýurduň ýönekeý graždanlary-da öz familiýalaryny millileşdirip başladylar.


Täze dünýä inen çaganyň graždanlyk aktlarynyň registrasiýasy hakdaky kanuna laýyklykda, täjik däplerine görä, atasynyň adyny ulanyp, düýp sözüň yzyna «i», «zod», «zoda», «on», «ýon», «iýon», «niýor», «far» bölekleri goşulyp ýasalyp bilner. Ýöne täjigistanlylardan Russiýada zähmet migrantlary bolup işleýänler üçin, özlerini hasaba aldyranlarynda hem işe ýerleşenlerinde kynçylyk dörär. Sebäbi jemgyýetde rus suffiksleri bolan familiýany hem atasynyň adyny götermek meýli döräpdi.


Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net