Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2020

Tiranada Germaniýa tarapyndan gözlenýän Täjigistanyň graždany saklandy

0
Albaniýanyň hökümetleri Germaniýanyň polisiýasy tarapyndan gözlenýän Täjigistanyň graždanynyň saklanandygyny habar berdi. Oňa “Yslam döwleti” toparlanyşygyna agzalykda şübhe bildirilýär. Bu tussaglyk GFR-de iki hepde mundan öň Täjigistandan bolan dört adamyň tussag edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Olar Demirgazyk Reýn - Westfalende terror aktyny geçirmäge taýýarlanýan wagtynda saklanypdyrlar.


Albaniýanyň polisiýasynyň 30-njy aprelde mälim etmegine görä, ýurduň Terrorizme garşy göreş edarasy Interpol operasiýasy bilen birlikde, Täjigistanyň graždany bolan 24 ýaşly K.Z-ni tussag astyna alypdyr. Ol haýsydyr bir ýoldaşy bilen Albaniýa gelip, buýruk boýunça tabşyrylan ölümi amala aşyrmakçy eken.


Alban hökümetleri tarapyndan mälim edilen maglumatda aýdylmagyna görä, ony saklamak barada, demirgazyk Germaniýanyň Karlsrue şäheriniň federal kazyýeti tarapyndan 21-nji aprelde halkara order çykarylan eken. «Tussag edilen “YD” tarapyndan döredilen hem-de Germaniýanyň territoriýasynda terror aktyny geçirmek üçin döredilen toparlanyşyga degişli bolmaly» diýlip, dokumentde aýdylýar.


Bu iş deslapky ýuridiki proseduralary öwrenmek hem tussag edileni Germaniýanyň hökümetlerine tabşyrmak üçin, Tirananyň prokuraturasyna geçirilipdir.


Şol wagtyň özünde Albaniýanyň köpçülikleýin habar serişdeleri ol tussag edileniň Täjigistanyň graždany Kamron Zuhurow bolup, onuň 29-njy aprelde Albaniýanyň paýtagty Tiranada saklanandygyny takyklady.


Onuň iki hepde mundan öň Germaniýanyň federal territoriýasy bolan Demirgazyk Reýn - Westfalende terror aktyny geçirmekde şübhelenip tutulan topara degişlidigi maglumatda aýdylýar. “Olaryň geçirmekçi bolýan hüjüminiň esasy maksady ABŞ-yň Germaniýadaky obýektleri ýa-da aýry-aýry adamlar eken. Hususan-da, olar yslama garşy pikirini aýdan adamlary göz öňünde tutupdyrlar” diýip, mundan öň Germaniýanyň polisiýasy aýdypdy.


GFR-niň prokuraturasynyň mälim etmegine görä, “YD” agzalykda aýyplanýan Täjigistanyň dört graždany 15-nji aprelde Essen hem Dýusseldorf şäherleriniň golaýynda tutuldylar. Olaryň bäşinjisi, bu terror toparlanyşygynyň lideri hasaplanýan Rawşan B. 2019-njy ýylyň martyndan bäri türmede saklanýar, ol hem Täjigistanyň graždany bolmaly.


Saklananlar 24 - 32 ýaş aralygynda, olaryň ählisi-de Germaniýa bosgun hökmünde gelenler diýip, nemes habar serişdeleri ýazýar. Polisiýa gullukçylary olar saklanan wagtyndaky operasiýanyň dowamynda, elde ýasalan partlaýjy serişdeleriň konfiskasiýa edilendigini aýdýarlar.


Nemes derňewçileriniň aýtmagyna görä, Rawşan B. 2019-njy ýylyň ýanwarynda şahsyýeti mälim edilmedik birinden, Albaniýadaky işewür topardan birini öldürmek barada buýruk alan eken. Bu iş üçin ol 40 müň dollar alypdyr. Ýöne ol Albaniýada şowsuzlyga düşüp, ölüme teklip edileniň kimdigini anyklap bilmän, ýene Germaniýa dolanypdyr.


Tussag edilen täjigistanlylaryň “YD” toparynyň Siriýadaky hem Owganystandaky ýokary derejeli iki agzasy bilen aragatnaşyk saklandygy tassyk edilipdir.


Ýatlatsak, geçen ýylyň martynda GFR-niň polisiýasy ýurduň günbatarynda Täjigistanyň bir graždanyny terror aktyny taýýarlamakda güman edip, tussag astyna alypdy. Şonda aglaba köplügi Täjigistandan bolan 10 adamdan ybarat topar barada gürrüň gitdi. Soňra Demirgazyk Reýn – Westfalende hem Baden-Wýurtembergde terrorizme garşy geçirilen operasiýanyň dowamynda dört adam tutuldy. Şol wagtda munuň sebäbini Essen şäherinde Täjigistandan bolan 19 ýaşly sürüji maşyny adamlaryň gatnaw ýolundan, ýokary tizlikde sürmegi bilen baglanyşdyrdylar. Ýöne ol hadysada hiç kim heläk bolmady.


Şondan birnäçe gün geçensoň, Germaniýanyň hökümetleri Täjigistanyň saklanan graždanynyň azatlyga goýberilendigini mälim etdi, ýöne onuň garşysyna derňew işleri dowam edýär.


Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net