Bolliwud aktýory Rişi Kapur 67 ýaşynda aradan çykdy
Bolliwudyň baýry aktýory Rişi Kapur iki ýyla çeken leýkoz keselinden soň, 67 ýaşynda keselhanada aradan çykdy. Maşgala wekiliniň beren beýanatynda bu tassyk boldy.
2018-nji ýylda düwün diagnozy goýlan Kapur Nýu-Ýorkda alan saglyk bejergisinden soň, geçen sentýabrda Hindistana dolandy we penşenbe güni irden asuda aradan çykdy diýip, beýanatda aýdylýar.
Nesiller boýy Bolliwudyň film industriýasyna agalyk eden Kapur maşgalasyndan gelip çykan Kapur ilkinji gezek 1970-nji ýylda kakasy Raj Kapuryň "Mera Naam Joker" (Meniň adym şahandaz) atly filminde çykyş etdi.
Ol aktýorçylyk käriniň dowamynda 100-den gowrak filmde hem baş rolda hem-de beýleki rollarda oýnady.
Kapuryň ölüm habaryndan soň hindi syýasatçylary we tanymal adamlar sosial mediada baýry aktýoryň ölümine gynanç bildirdiler.
Bolliwud ýyldyzy Amitabh Baççah Kapuryň ölüm habaryna özüniň gaty gynanandygyny aýtdy.
Hindistanyň premýer-ministri Narenda Modi Kapura "talantyň öýjügi" diýip, onuň yzda galan maşgala agzalaryna we janköýerlerine sabyr diledi.
Maglumat CNN-iň habary esasynda taýýarlanyldy