Azatlygyň habarçysy wepat bolan esgeriň adyny, atasynyň adyny anyklamagy başarmady, has anygy, Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynyň Aşgabatdaky ştabynyň anonimlik şertinde gürleşen ofiseri ýogalan esgeriň adyny aýtmakdan boýun gaçyrdy.
"COVID-19 barada maglumat bermegi başarman we bu baradaky maglumatlary basyp saklamak bilen, Türkmenistan we Täjigistan raýatlarynyň saglygyna uly howp salýar" diýip, HRW-nyň beýanynda aýdylýar.
Human Rights Watch (HRW) Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň koronawirus pandemiýasyna garşy berýän gaýtawulynda öz raýatlarynyň hukuklaryna hormat goýmaýandygyny aýdýar. Hukuk topary 23-nji aprelde ýaýradan beýanatynda kesel ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň resmileriniň “möhüm çäreleri” görendiklerini, ýöne şol bir wagtyň özünde olaryň gizirilen çäklendirmelerden žurnalistleri, saglyk işgärlerini we aktiwistleri nyşana almak üçin peýdalanandyklaryny hem-de... Читать дальше...
22-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. TDH-nyň habaryna görä, türkmen prezidenti iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy bilen “strategiki häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara gün tertbiniň has möhüm meselelerini” ara alyp maslahatlaşdylar. Resmi maglumata görä, prezident Berdimuhamedow koronawirus pandemiýasyna garşy... Читать дальше...
Orsýetde onlarça kommunist Bolşewik rewolýusiýasynyň lideri Wladimir Leniniň 150 ýyllyk ýubileýini bellemek üçin Gyzyl meýdançada ýöräp, Moskwanyň koronawirus hereket çäklendirmelerini bozdy. Orsýetiň Kommunist partiýasynyň agzalary Gennadiý Zýuganowyň ýolbaşçylygynda 22-nji aprelde meýdançadaky Lenin mawzoleýiniň öňünde gül desselerini goýdy. Ýygnananlar mawzoleýe baranlarynda kiçi toparlara bölünip, öz aralarynda aradaşlygy sakladylar ýöne muňa garamazdan, olaryň bu hereketi Moskwanyň öýden diňe zerur zatlary satyn almak üçin... Читать дальше...
Owganystan iki tarapy parahatçylyk ylalaşygyna çekmek işleriniň çäginde ýene 71 "Talyban" tussagyny boşadandygyny aýdýar. Milli howpsuzlyk geňeşi bu tussaglaryň Nangarhar, Lagman, Kunar, Nurystan, Farýap, Uruzgan we Baglan welaýatlaryndaky ýedi türmeden boşadylandygyny mälim etdi. Kabul hökümeti 8-nji aprelden bäri jemi 432 sany “Talyban” tussagyny boşatdy. 29-njy fewralda Birleşen Ştatlary bilen "Talybanyň" arasynda gol çekilen ylalaşyk Owganystandaky 18 ýyllyk uruşy soňlandyrmagy maksat edinýän... Читать дальше...
Şu günler Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylaryndan özleriniň elektrik energiýasyny hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna barlatmak we hilini tassyklatmak talap edilýär.
Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).
123ru.net — живые новости в прямом эфире!
В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.