Türkmen prezidenti atçylyk ulgamyna 680 million dollar ýatyrlandygyny mälim etdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň atçylyk ugruna 680 million dollaryň sarp edilendigini aýtdy. Bu barada döwlet habar serişdeleriniň çap eden maglumatlarynda habar berildi.
Türkmen prezidentiniň sözlerine görä, agzalan möçberdäki ummasyz pul atlaryň we at saklaýanlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly maksatara sarp edilipdir.
Ahalteke atlarynyň bilermeni, ussat seýis, atşynas hökmünde çykyş edýän prezident Berdimuhamedow atlara kitap we aýdym bagyşlaýar.
26-ny aprelde Türkmenistan koronawirusyň global pandemiýasynyň dowamynda uly üýşmeleňleri gurnap, Bedew baýramyny belledi.
Türkmen hökümetiniň tankytçylary we bilermenler ahalteke atlarynyň ýurtda korrupsiýanyň we şahsyýet kultunyň guralyna öwrülendigini aýdýarlar.
Şu ýylky Bedew baýramyna taýýarlygyň çäginde Türkmenistan Britaniýadan £1 milliona çäge satyn alyp, çapuw ýodalaryna ýazdy.