Orsýet bir günde koronawirus ýokaşanlaryň iň ýokary sanyny aýtdy
Orsýet ýokanç kesel ýaýrap başlaly bäri, bir günde täze koronawirus ýokaşanlaryň iň ýokary sanyny – 2 186 adama wirus ýokaşandygynyň tassyk bolandygyny habar berdi.
Netijede, ýurtda jemi tassyklanan wirus ýokaşanlaryň sany 15,770 adam abryp ýetdi.
Orsýetiň koronawirus krizis toparynyň 12-nji aprelde beren habaryna görä, ýurtda koronawirus bilen baglanyşykly ölenleriň sany 24-den 130-a çenli ýokarlandy.
Daşary ýurtlardaky tankytçylar Orsýetiň koronawirus näsaglary we ondan ýogalanlar barada çap edýän resmi sanlaryna şübheli garaýarlar.
Tankytçylaryň pikiriçe, saglyk häkimiýetleri wirusyň ýaýraýyş gerimini peseldip görkezmek üçin, dogry maglumat bermekden saklanmaga ýykgyn edýärler.