Koronawirusdan ýogalanlaryň sany 100 müňden geçdi, Pasha ýapyklyk şertlerinde bellenýär
Pasha gabat gelen dynç günleri dünýä hristianlarynyň köpüsi üçin kpronawirusdan ölenleriň sanynyň 100 müňden aşan elhenç pursaty bilen başlandy, dowam edýän ýapyklyklar we beýleki çäklendirmeler bolsa bu baýramçylygy örän çäklendirilen ýagdaýa saldy.
Jon Hopkins uniwersitetiniň çap edýän maglumatlaryna görä, 11-nji aprelde dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 1,7 milliona ýetse, ondan ýogalanlaryň sany 102 müňden geçdi.
Bu keselden ýogalan adamlarynyň sanynyň 18 müň 700-e ýetmegi bilen, Birleşen Ştatlar pandemiýadaky ölüm görkezijileri boýunça Italiýadan hem öňe geçjege meňzeýär.
Şu aralykda koronawirus hadysalarynyň iň köp yglan edilen ýurdy bolan ABŞ-da 500 müňden gowrak adama wirus ýokaşandygy tassyklandy.
Emma dünýäde wirus ýokuşanlaryň we ondan ölenleriň sanynyň has kän bolmagynyň ahmaldygy aýdylýar.