Aşgabadyň aeroportunyň golaýynda onlarça ýaşaýyş jaýy ýere ýegsan edildi
Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçalarda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy ýumruldy. Häzirki wagt bu ýerde diňe 21-nji we 8-nji orta mekdepleriň binalary galdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.