Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Iki ýyldan barlagdan geçmedik suw ölçeýjiler üçin jerime salmak düzgüni ýatyryldy

0
Iki ýyldan barlagdan geçmedik suw ölçeýjiler üçin jerime salmak düzgüni ýatyryldy

Aşgabatda iki ýyldan barlagdan geçmedik suw ölçeýjiler üçin ilata jerime salmak düzgüni ýatyryldy. Azatlygyň bu barada habar berýän habarçylary resmi düzgünlerde barlaglaryň dört ýyldan geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagyna garamazdan, paýtagt ýaşaýjylarynyň soňky aýlarda has az wagt ulanylan suw ölçeýjiler üçin köpçülikleýin jerimä sezewar edilendigini belleýärler. Olaryň sözlerine görä, indi jerimeler birden ýatyryldy, emma tölenen jerimeler gaýdyp berilmedi.     

"Edenini edip ýörenler we talaňçylar diýip, Aşgabadyň ýaşaýjylary eden-etdilikli salynan jerimeler üçin "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň ýolbaşçylaryny atlandyrýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 28-nji ýanwarda habar berdi.       

Onuň sözlerine görä, jerimeler ýanwar aýynyň ortalarynda öň başlanylyşy  ýaly birden bes edilipdir.  

"Adamlardan iki ýyl ulanylan suw ölçeýjiler üçin möhletden iki aý geçdi diýip, pul alypdylar. Şeýle wakalar köp bolupdy, şonuň üçin ählisi ölçeýjilerini barlatmaga köpçülikleýin howlukdylar. Emma bu barada çap bolan maglumatlar we adamlaryň nägilelik bildirmegi kömek berdi" - diýip, habarçymyz belleýär. 

Ýatlatsak, Aşgabadyň ýaşaýjylary iki ýyldan barlanmadyk ölçeýjiler üçin jerimelere güýzüň başynda duýdansyz sezewar boldular.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, şäheriň ýaşaýjylary jerimä sezewar edilmejek bolup, öz suw ölçeýjilerini öz hasabyna we özbaşdak söküp, barlag geçirýän döwlet edaralaryna tabşyrmaga mejbur edilipdi. 

Jerimäniň mukdary her aý üçin 87 manat, barlagyň tölegi 30 manat, guraly sökmek, gaýtadan oturtmak we möhürlemek işleri 50-150 manat aralygynda bolupdy. 

Köpçülik suw ölçeýjiler üçin jerime salynýandygy barada diňe harç edilen suw üçin töleg etmäge "Aşgabatagyzsuw" edarasyna baranda tötänden bilip galypdy.

Azatlyk Radiosynyň suw ölçeýjileriň köpçülikleýin barlanmagynyň sebäplerini  "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň özünden anyklamak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda suw ölçeýjileriň ulanylmagyna degişli bar bolan resmi düzgünlerde barlaglaryň her 4 ýyldan geçirilmegi talap edilýär.

Şeýlelikde, ölçeýjileriň iki ýyldan barlanmagyna degişli talap we munuň üçin salnan jerimeler 2018-nji ýylyň 19-njy noýabrynda kabul edilen №247 kararyna ters gelýär. 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, şu günler ýaşaýjylaryň öýlerinde suw ölçeýjileriň oturdylyp-oturdylmandygyny we gurallardaky görkezijileri barlamak boýunça işler dowamly geçirilýär.  

"Düýn suw edarasyndan gelip, ölçeýjileri we tölegleri barladylar. 'Mende ölçeýjileriň bardygy we tölegleriň edilendigi barada maglumatlar sizde bolmaly' diýdim. Men suw edarasynda 10 golaý adamyň kompýuterleriň başynda oturandygyny görüp, begenipdim. Emma olar bize maglumat bermeýärler diýip jogap berdiler" - diýip Aşgabatdaky habarçymyz 28-nji ýanwarda gürrüň berdi. 

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, suw, gaz we tok ölçeýjileriň oturdylmagy we barladylmagy ilat köpçüligine uly maddy agram salýar. Ýurtdaky agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda we uly işsizlik zerarly ýaşaýjylaryň ençemesi gurallary oturmak we jemagat hyzmatlaryny tölemek üçin bergä batýar. 

"Köp pensionerler suw ölçeýjilerini 2017-nji ýylyň noýabrynda oturtmandygy sebäpli eden tölegleri üçin bergilerini henize çenli bölüp üzýärler" diýip, habarçymyz belleýär.

Türkmenistanda suw ölçeýjileri oturtmak boýunça çäreler 2016-njy ýylyň aýagynda başlanypdy. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurduň ýolbaşçysynyň ilata 25 ýyllap mugt berlen jemagat hyzmatlaryny pully etmek kararyny yglan etmeginden soň ilatyň harç edýän suwuny, gazyny we elektrik toguny hasaplaýjy enjamlaryň oturdylmagy giň derejede alnyp baryldy. Ilatdan kommunal hyzmatlar üçin töleg almak çäreleri mejburlyk häsiýete eýe boldy.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ölçeýjileri oturtmadyk ýa-da tölegleri tölemedik raýatlara zerur resminamalar berilmeýär, suda çekiljegi duýdurylýar. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine aýlygyň tölenmejegi duýdurylýar, işden kowulmak haýbaty atylýar. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

«Спартак» набрал больше всех очков в играх с командами из верхней половины таблицы РПЛ


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Вторая ракетка Казахстана опустилась в чемпионской гонке WTA


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Компания ICDMC стала победителем престижной премии в сфере ЗОЖ – Green Awards 2023/24





Путин в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о формировании взаимовыгодного международного сотрудничества


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко рассказал о планах расширения НАТО




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: встречи по продвижению "формулы Зеленского" дают Киеву чувство вседозволенности


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

«Это не бомжовые заведения»: 72-летний Александр Розенбаум зарабатывает миллионы на пивном бизнесе



Москва

Подрядчик приступает к заключительному этапу ремонта коллектора в Бердске

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net