WADA Russiýany dört ýyl möhlet bilen Olimpiýadadan, möhüm çempionatlardan çetleşdirdi
Bu karar Russiýanyň laboratoriýa maglumatlaryny ýoýmagyna jogap hökmünde kabul edildi.
WADA-nyň bu karary Agentligiň Barabarlygy seljerýän komitetiniň rekommendasiýasy esasynda kabul edildi. Komitet Moskwanyň laboratoriýasyndan ýanwarda alnan maglumatlaryň käbirinde “ylalaşmazlyklaryň” bardygyna ünsi çekipdi.
Russiýanyň Dopinge garşy agentligi (RUSADA) 21 günüň içinde bu karara şikaýat edip bilýär.
