Wladimir Putini Kremlden kowmak üçin Moskwa gelýän şaman ýolda tussag edildi
Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň maglumatyna görä, onuň Irkutsk oblastynyň Wydrino şäherçesinde ýerleşen lagerine gije birnäçe maşyn geldi.
Şamanyň tarapdarlarynyň biriniň düşüren wideosy çap edildi, ol ýüzleri perdeli adamlaryň şamanyň çadyrynyň daşyny gabandygyny gürrüň berdi.
“Çadyra kürsäp urdular, ony ýere ýykdylar. Bir topar adam, awtomatly, dubinkaly. Hiç zat geplemediler. Biz kimiň ulusydygyny soradyk, näme bolup geçýänini anyklajak bolduk. Ony tussag etdiler. Diňe Saşa Şamany tussag etdiler, başga hiç zat bolmady. Hiç kim hiç dokument görkezmedi” diýip, ol aýtdy.
"Ony maşyna mündürdiler we näbelli tarapa alyp gitdiler" diýip, şamanyň tarapdarlary gürrüň berdi.
Şamanyň ogurlanyşyny gözi bilen gören şaýat “ýoluň ýörite gulluklaryň ýaragly işgärleri tarapyndan ýapylandygyny” aýtdy.
Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, maskaly adamlaryň ellerinde diňe ýaraglary we el çyralary bardy. Şamanyň lagerinejemi 40 çemesi adam geldi.
Häzir Gabyşewiň nirede saklanylýandygy belli däl.
