Azat Adalga: Hereket azatlygy
Azat Adalganyň bu sany hereket azatlygyna gönükdirilýär: Her bir adamyň her bir döwletiň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşamaga hukugy bardyr.
Azat Adalganyň bu sany hereket azatlygyna gönükdirilýär: Her bir adamyň her bir döwletiň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşamaga hukugy bardyr.
Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar saklanyp galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habar berdi.
20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýahatçylygy ösdürmegi talap etdi
Özüniň Tährana garşy gönükdirilen “maksimum basyş” strategiýasyna goldaw gözleýän Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek çykyşynda, Eýran bilen bolan çekişmäniň esasy tema boljakdygyny aýtdy.
Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar saklanyp galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habar berdi.
Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň ukrain kärdeşinden syýasy bäsdeşini derňemegi sorandygy baradaky çawuş aýyplamalary bilen bagly impiçment gepleşigini ret etdi.
Britaniýanyň Ýokary sudy premýer-ministr Boris Jonsonyň parlamentiň işini saklamak boýunça ädiminiň “bikanun” bolandygy, şeýle-de kanunçykaryjy organyň işini islendik wagty başladyp biljekdigi barada höküm çykardy. 24-nji sentýabrda Ýokary suduň prezidenti Brenda Hale bu karar bilen ähli 11 kazynyň razy bolandygyny hem mälim etdi. Jonsonyň parlamentiň işini 10-njy sentýabrdan 14-nji oktýabra çenli saklamak baradaky ädimi kanunçykaryjylaryň köpüsi tarapyndan ýiti tankyda uçrapdy. Analitikler... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek çykyşynyň dowamynda Eýran bilen dawanyň üstünde durup geçjekdigini mälim etdi. “Biz Eýran barada gürrüň ederis” diýip, Tramp 23-nji sentýabrda žurnalistlere aýtdy. “Biz häzir Eýrana köp basyş edýäris. Olar bular ýaly basyşy entek görmändiler” diýip, Tramp belledi. “Eýran bilen baglylykda köp zatlar bolup geçýär. Siziň bilýäniňizden köp. Medianyň bilýäninden hem köp” diýip, Tramp sözüne goşdy. Tramp... Читать дальше...
Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri saudlaryň nebit desgalaryna garşy edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygy baradaky ABŞ-nyň aýyplamalaryny goldap, Tährana “prowokasiýanyň” deregine dialogy saýlap almaga çagyryş etdiler. “Biziň üçin iki nebit desgasyna garşy edilen dron we raketa hüjümlerine Eýranyň jogapkärdigi aýan” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň we Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň 23-nji sentýabrda ýaýradan bilelikdäki beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...
Russiýanyň türmesinde bäş ýyl çemesi saklanan ukrainaly kino-režisýor Oleh Sentsow rus resmileriniň Ukrainany “tabyn etmek” isleýändiklerini aýtdy. Şeýle-de, ol ähli ukrainalylary ýurduň gündogar sebitlerinde dowam edýän urşy togtatmak ugrunda tagalla etmäge çagyrdy. Sentsow bu barada tussaglykdan boşadylyp, Ukraina dolananyndan 16 gün soňra Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Sentsow söhbetdeşlikde Russiýa ýa-da ruslara garşy däl-de, eýse prezident Wladimir Putiniň režimine garşy söweşýändigini belledi. Читать дальше...
Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa ýüzlenip, owgan “Talybany” bilen parahatçylyk gepleşiklerini täzeden başlatmaga çagyrdy. Khan bu barada 23-nji sentýabrda, Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň çäklerinde, Tramp bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda çykyş etdi. “Owganystandaky durnuklylyk Pakistandaky durnuklylygy aňladýar” diýip, Khan sözüne goşdy. Tramp ABŞ-nyň Owganystanda 18 ýyl bäri uruş alyp barmagyny “bolgusyzlyk” atlandyrdy, emma... Читать дальше...
Şu ýyl Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň plýažlarynda aýal-gyzlaryň kupalnikde suwa düşmegi gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň aýtmagyna görä, bu gadagançylyga boýun bolmadyk aýal-gyzlara 200 manat möçberinde pul jerimesi salynýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 868 bendiniň günäsini geçdi. Bu barada resmi türkmen metbugaty habar berýär.
Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).
123ru.net — живые новости в прямом эфире!
В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.