Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabişwili 34 tussagyň, şol sanda adam öldüren üç adamyň günäsini geçeninden soň, ýüzleri perdeli adamlaryň topary onuň edarasynyň daş işiginde protest bildirdi. Zurabişwili günä geçiş kararyna 28-nji awgustda gol çekdi, emma hiç bir düşündiriş bermedi. Günäsi geçilenleriň biri polisiýa işgärini öldüreni üçin türmede otyrdy, beýleki iki ganhor gaçgak bolup, heniz tutulmandy. Tbilisidäki protestçiler 18-nji sentýabrda “tapgyrlaýyn günä geçiji” diýen şygary galdyrdylar we bu günä geçişleriň nähili esasda geçirilendigini düşündirmegi talap etdiler. Zurabişwili jemgyýetçilik reaksiýasyndansoň günä geçişlere moratoriý girizjekdigini yglan etdi.