Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Türkmenbaşynyň býujet işgärleri we harbylary 'marşirowka' gatnaşmak üçin Aşgabada ugradyldy

0
Türkmenistan 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramyny bellemek üçin taýýarlyk görýär. Resmi taýýarlyklaryň çäginde ilatyň gatnaşdyrylmagynda köpçülikleýin ýörişler maşk edilýär. Il içinde marşirowka diýilýän esasy maşklar Aşgabatda geçirilýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, paýtagtdaky marşirowkalara ýurduň beýleki regionlarynyň ýaşaýjylary hem ugradylýar. 


"Türkmenbaşy şäheriniň býujet işgärleri şu ýyl geçirilýän garaşsyzlyk baýramy çärelerini geçirmek üçin, marşirowka taýýarlyklaryna gatnaşmak üçin Aşgabada ugradyldy" diýip, habarçymyz 4-nji sentýabrda habar berdi. 




Ýene bir habarçymyzyň sözlerine görä, Balkan welaýatynyň harby deňizçileri hem baýramçylyk taýýarlyklaryna gatnaşdyrylmak üçin Aşgabada ugradylypdyr.


"Harby deňiz floty we fort işgärleri parada taýýarlyk üçin Aşgabada iýulyň ortalaryna äkidildi, henizem taýýarlyklar dowam edýär" diýip, Balkan welaýatyndaky habarçymyz aýdýar. 


Onuň sözlerine görä bu ýagdaý harby deňizçileriň özlerine we maşgalalaryna kynçylyk döredýär.


"Bu olaryň Türkmenbaşyda galan maşgalalaryna kynçylyklar döredýär. 3 aý komandirowka döwründe ofiserleriň öýlerine gitmegine rugsat berilmeýär, sebäbi prezidentiň howpsuzlygy üçin diýýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.




Türkmenistanda harby parad Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän esasy dabaralaryň biri bolup, harby bölümler Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdançasynda prezidentiň köşgüniň öňünde ýerleşdirilen döwlet tribunasynyň öňünden geçmeli bolýarlar.


Harbylardan başga-da döwlet tribunasynda duran prezidentiň önünden türgenleşdirilen döwlet edaralaryň işgärleri we studentler ýöräp geçýärler.




Soňky gezek Türkmenistanda uly harby parad bilen Garaşsyzlyk senesi 2017-nji ýylda bellenipdi. Şonda ir sagat 10:00-da başlan we 1 ýarym sagat çemesi wagt dowam eden paradyň gatnaşyjylary on müňlerçe adamdan ybarat bolup, olar dabaranyň geçirilmeli ýerine ýedi sagat çemesi öňünden, ýagny daňdan sagat 03:00 töwereginde barmaly edilipdi.


Türkmenistanda şu ýyl döwlet garaşsyzlygynyň 28-nji ýyl dönümini bellemek üçin resmi taýýarlyklara awgustyň başyndan bat berildi. 


Şondan bäri Aşgabadyň Dagdan stadionynda maşklar geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu ýerde günde irden giç agşama çenli geçirilýän repetisiýalara döwlet edaralarynyň, pudak kärhanalarynyň, harbylaryň we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary gatnaşdyrylýar.


Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralary döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin olar öňünde surata düşürilýär. Bu çärelere hem ilat mejbury ýagdaýda çekilýär.


2-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň ilkinji güni Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylary aýyň aýagynda bellenjek Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna at çapyşyga mejbury "tomaşaçy" boldular. Azatlyk Radiosynyň habarçysy sahnalaşdyrylan at çapyşygynyň telewideniýäniň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli surata düşürmegi üçin gurnalandygyny habar beripdi. 


​1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň döwlet garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistan 26 ýyllap garaşsyzlyk gününi 27-nji oktýabrda belläp geldi, emma 2018-nji ýylda bu senäni bir aý öňe süýşürdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net