Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2019

"Gyrgyzystan barha beter inwestorlary gorkuzýan ýurda öwrülip barýar"

0
Analitik neşir bolan Intellinews Berlinde ýerleşýär, ol aýratyn ykdysady meselelere gönükdirilipdir. Neşir Gyrgyzystan meselesine giň syn berip, ýurdan inwestorlaryň barha köp gorkýandygyna ünsi çekýär.


Soňky döwürde bolup geçen ýagdaýlary, owaly bilen gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşygy, soňra Naryn oblastyndaky hytaý inwestorlary tarapyndan özleşdirilýän kändäki protesti, ahyrynda-da ýurduň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewi tutmak üçin geçirilen ýörite operasiýany nazara alyp, “Gyrgyzystan soňky iki aýyň dowamynda halkara arenasynda «durnukly bolmadyk, dawaly hem mydama çaknyşykly» ýurda öwrüldi diýip ýazýar.


Almazbek Atambaýew tutulandan soň hökümetler ýeňiş gazandyk diýip begenişseler-de, ol biznes hem inwestisiýa klimaty üçin asla gowy reklama bolmady. Ýurduň baş oppozisiýa güýji hökmünde tanalýan öňki prezident döwlet agdarylyşygyny geçirip bilen lider hökmünde bellidir. Sooronbaý Žeenbekowyň baştutanlygyndaky hökümet öňki döwlet ýolbaşçysyny «Frankenşteýn monstry» hökmünde kabul etse-de, Atambaýewiň göreşi iňňildi ýa uwwuldy bilen gutarman, eýsem güýjedi.


Ýakyn Gündogar hem Merkezi Aziýa boýunça russiýaly bilermen Aleksandr Knýazew “soňky ýyllarda onuň hökümeti diňe bulaşyklyk bolmazlygy üçin saklanyp bildi” diýip öňräk aýdypdy. “Öňki prezidentiň şeýle goh-galmagally ýagdaýda tussag edilip, türmä basylmagy geljekki ýolbaşçylarda hökümet başynda has uzak oturmak aladasyny döreder, olar kanuny öz haýryna üýtgederler. Olar Atambaýewiň ýagdaýyna düşmekden gorkarlar. Şonuň bilen birlikde Merkezi Aziýada ilkinji bolup parlament demokratiýany saýlap alan bu ýurduň geljegi şübheli bolar” diýip, neşir ýazýar. Hut şolar ýaly-da Solton-Sary gazuw käniniň töweregindäki, Toguz-Toroda ýerleşýän «Makmal» kombinaty hem Kanadanyň «Senterra» kompaniýasy babatynda-da ýagdaýyň dartgynlydygyny belleýär.


“Ýurtda korrupsiýa iň agyr mesele bolup durýar. Bu ugurdan halkara guramalarynyň barlagyna görä, korrupsiýa inwestorlary gorkuzyp, Gyrgyzystana her ýylda 700 million dollar zyýan ýetirýär. Ikinji bir agyr ýagdaý – sud sistemasyna ynamyň bolmazlygydyr. Ösüş baradaky halkara guramasy (IDLO) 2019-njy ýylyň ýanwarynda Gyrgyzystanyň kanun goraýjy organlarynyň metbugat bilen gatnaşyk saklamak islemeýändigi sebäpli jemgyýetde hem habar serişdelerinde belli derejede öz abraýyny ýitirdi. Metbugat bilen işleşmäge ýörite taýýarlyklary bolmansoň, sudýalaryň işiň barşy baradaky zerur bolan konfidensiallyk derejesini saklamaga mümkinçilikleri ýok, olar sudda barýan iş barada esasy informasiýany mälim edýärler. Beýle meseleleri çözmek üçin, elbetde, täze çaknyşyklary, garşylygy hem gozgalaňy emele getirmek zerur däl. Ýöne syýasy elita jemgyýetde hakyky demokratiki gymmatlyklary döretmegi isleýärmi; bu açyk mesele bolmagynda galýar” diýip, ol neşir ýazýar.


Hytaýa satylan uly gyzlar


The New York Times gazeti Hytaý bilen serhetdeş bolan ýurtlaryň gyzlarynyň satylýandygy meselesinden barlag geçirdi.




«Bir çaga» syýasaty sebäpli Hytaýda demografiki kynçylyklar ýüze çykdy. Şol çäklendirme sebäpli Hytaýda gyz bolmagy mümkin saýylan çaga garşy 30 ýyllap millionlarça abort edildi, indi erkekleriň sany aýallardan artyk. Şo sebäpli hytaý erkekleri goňşy ýurtlardan aýal getirip başladylar, bu iş käte zorluk bilen amala aşyrylýar. Ýetişen gyzlary satyn almagy Hytaý ilki öz goňşusy Maýanmardan (Birmadan) başlady. ABŞ-daky Jon Hopkins adyndaky Jemgyýetçilik saglygy goraýyş mekdebiniň maglumatyna görä, 2013 -2017-nji ýyllarda Maýanmar Hytaýa 21 müňe golaý gyz satypdyr” diýip, neşir ýazýar. “Maýanmaryň Şan jülgesinden bolan Pýu şähdaçyk, durmuşy söýüji gyzdy. Birnäçe hepdeden öň ol öz dogduk öýüne dolanyp geldi. Häzir ol ruhy öçük, asla ýylgyrmaýar diýen ýaly. Hytaýda oňa örän gowy iş teklip edenlerinde, muňa ylalaşyp, bir näbelediň eline düşüpdir. Olar Pýu bir derman berip, Hytaýa aşyryp, ony jynsy haryt hökmünde satmak isläpdirler. Ony ogurlanlar horlapdyrlar, kemsidipdirler hem agyr işlere mejbur edipdirler, şeýdip, islese-islemese-de äre satjak bolupdyrlar. Birnäçe günüň dowamynda Pýuny hem onuň ildeşi bolan ýene bir jorasyny otly bilen Pekine aşyrypdyrlar. Ol ýerde bu gyzy 21 ýaşly hytaýly Ýuan Fen satyn alyp, köp wagtlap öýünde saklapdyr, oňa nähilidir dermany sanjypdyr hem zorlapdyr.” 


 Ol makalada şular ýaly birnäçe mysal getirilýär. Şeýle hem makalanyň awtorlary Human Rights Watch guramasynyň dokladyna salgylanyp, Maýanmardan gyzlaryň satylmagynyň iki ýurduň hem kanun goraýjy organlarynyň ünsüne ilmändigini, hökümetleriň muňa sessiz razylaşýandygyny belleýärler.


Gimalaýyň ortasynda ýerleşýän Şan jülgesiniň ýaşaýjylary bilen hökümetleriň arasynda köp ýyl bäri göreş barýar. BMG-niň harby jenaýatlylyga gözegçilik bölümi ol sebitde barýan çaknyşygyň agramynyň çagalaryň hem aýallaryň gerdenine düşýändigini belleýär.


ABŞ bilen Russiýanyň ýadro urşy gyşyň uzalmagyna getirip biler


Alymlar eger ABŞ bilen Russiýanyň arasynda ýadro urşy bolsa, nämeleriň boljakdygyny analiz etdiler. Bu ylmy çaklama Geophysical Research žurnalynda çap boldy.




«Ýadro partlamasynyň netijesinde atmosfera 147 million kub gurum ýaýraýar. Ol gurum stratosferadan ýere inýär, bu bolsa gün şöhlesiniň öňüni tutýar. Howanyň maýyllygy 9 gradusa çenli aşaklaýar. Ýedi ýyl çemesi ýeri gara gurum örtýär hem 10 ýyllap ýer ýüzünde gyş höküm sürer diýlip çaklanýar. 2007-nji ýylda şuňa meňzeş barlag geçirilende, gurumyň ýerden 140 kilometr ýokary galyp biljekdigi çak edildi.


Islendik bir ýurtda ýadro ýaragyny ulanmak öz-özüňi heläklemäge deň bolup durýar. Bu ylmy barlaglary geçirmäge ýolbaşçylyk eden Nýu-Jersidäki Rutgers uniwersitetiniň professory Joşua Kupyň bellemegine görä, “kim aýgytly syýasy çözgüde geljek bolsa, ýadro ýaragynyň ulanylmagy baradaky töwekgelçilige seredip, şondan soň belli netijä gelmeli”.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net