Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2019

BRI: Türkmenistanyň ilaty ‘aşa suw stressinden' ejir çekýär

0
Dünýäniň 17 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda hem ýaşaýanlar çenden aşa suw stressinden ejir çekip, bu ýurtlarda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy tas “nola” deň bolup, uzakly günüň dowamynda kranlardan suw akdyrylmaýar diýip, Bütindünýä Resurslar Institutynyň (BRI) sişenbe güni ýaýradan hasabatynda aýdylýar.


Akweduk Suw Riskiniň Atlasy hasabatynda ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan suw stressleri, gurakçylyk ähtimallyklary we derýalaryň hanasyndan çykmak mümkinçilikleri seljerilýär.


Mundan has köp ejir çekýän dünýäniň 17 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda hem “oba-hojalyk we senagat pudaklary, şeýle-de munisipalitetler her ýylda elýeterli suwuň 80% töweregini harçlaýarlar” diýip, Bütindünýä Resurlar Instituty belleýär.


“Suw stressi ýaly uly krizis barada hiç kim gürrüň etmeýär. Munuň netijeleri azyk ýetmezçiligi, konflikt we migrasiýa, şeýle-de maliýe durnuksyzlygy ýaly ýagdaýlary öz içine alýar” diýip, Bütindünýä Resurslar Institutynyň ýolbaşçysy Andrew Steer belledi.


Hasabatda suw stressinden has köp ejir çekýän 17 ýurduň arasynda Türkmenistandan başga-da: Katar, Ysraýyl, Liwan, Eýran, Iordaniýa, Liwiýa, Küweýt, Saud Arabystany, Eritrea, Birleşen Arap Emirlikleri, San Marino, Bahreýn, Hindistan, Pakistan, Oman we Bostawana hem agzalýar.


Ýeri gelende bellesek, hasabatda Türkmenistan umumy 164 ýurtdan ybarat sanawda 16-njy orunda ýerleşdirildi.


Galyberse-de, Azatlyk Radiosy ýurduň dürli pudaklaryndaky suw ýetmezçilikleri barada dowamly maglumatlary berip gelýär.


Şol bir wagtda türkmen resmileri ýurtdaky suw ýetmezçiligi, Garagum derýasynyň we beýleki iri suw desgalarynyň netijeli ulanylmaýandygy, ýerleriň şorladylmagynyň dowam edýändigi, zeýkeşleriň gazylmaýandygy, pagtaçylykda we beýleki oba hojalyk işlerinde onlarça ýyllap ulanylan mejbury zähmetiň adamlary daşary ýurtlardan iş gözlemäge iterýändigi barada ýerli synçylaryň we bilermenleriň aýdýan delillerini agzaman, daýhançylyk, önüm öndürmek üçin ähli şertleriň döredilendigi baradaky sözlerini tekrarlaýarlar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net