Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Aşgabadyň Onkologiýa merkezinde sowadyjylar işlemeýär

0
Aşgabadyň Onkologiýa merkezinde sowadyjylar işlemeýär

Aşgabadyň Onkologiýa merkeziniň binasynda sowadyjylar işlemeýär. Bu barada paýtagtyň merkezindäki bu keselhana baryp gaýdan Azatlygyň habarçylary 16-njy iýulda gürrüň berdiler. 

- Häzir tomsuň 47 gradusa ýetýän iň yssy pursadynda köp gatly binanyň içerki sowadyjy sistemasy işlemeýär. Merkeziň içi hassalardan hyryn-dykyn, adamlar analizlerini tabşyrmak üçin her bir kabinetiň öňündäki nobatlarda birnäçe sagadyny yssyda geçirýärler, käbirler özünden gidýärler. Lukmanlaryň kabinetleriniň içinde hem howa dymyk. Olaryň köpüsi öz şahsy wentilýatorlaryny ulanýarlar. Operasiýa ediljek hassalar wentilýatorlary ýany bilen getirýärler, - diýip habarçylarymyzyň biri aýtdy.

Onkologiýa merkeziniň 12 gatly binasy Aşgabadyň merkezinde ýerleşýär. Bina 45 million amerikan dollaryna 2009-njy ýylda gurlupdy.

Häzirki wagtda keselhananyň binasynda sowadyjylaryň işlemezligi bilen bir hatarda onuň aýnalary hem açylmaýar. 

- Jaýyň howasyny täzelemek üçin aýnalar açylmaýar, sebäbi Arçabil şaýoly 'protokol köçesi' diýilýän esasy köçeleriň biri, - diýip habarçymyz aýtdy.    

Azatlygyň habarçylarynyň ýene biriniň sözlerine görä, Onkologiýa merkezinde sowadyjylaryň işlemezligi bilen bagly problema birnäçe ýyl bäri dowam edýär. 

Azatlyk Radiosy bu döwrebap binanyň howasyny täzelemek we sowatmak boýunça sistemasynyň näsazlygynyň sebäplerini anyklamaga synanyşýar. Emma bu barada keselhananyň özünden kommentariý alyp bolmady. 

 ​Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligine degişli bu keselhana öz müşderilerine pully hyzmatlary hödürleýär. 

- Operasiýalar pully, olaryň ortaça bahasy 2000 manat çemesi, şeýle-de lukmanlar üçin tölegleri aýratyn ylalaşýarlar. Şonuň üçin olaryň işi yzygiderli tertipde amala aşyrylýar, operasiýalar köplenç taýýarlyksyz amala aşyrylýar. Näsagyň şekerini, holesterinini peseltmeýärler, ganyny suwuklandyrmaýarlar. Operasiýalardan soň hassalaryň ýagdaýynyň agyrlaşýan halatlary köp bolýar. Üstesine, hassalar operasiýa üçin ähli däri-dermanlary, medisina ýüplerinden hasa çenli özleri satyn alyp getirmeli bolýarlar. Käte, getirilmeli serişdeleriň doly sanawyny hem bermeýärler, şonda mydama käbir zatlary, hatda agyz suwuny goşmaça satyn almaly bolýar, - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. 

 

 

Azatlygyň habarçylarynyň we redaksiýamyza ýüzlenýän türkmenistanlylaryň sözlerine görä, saglygyny barlatmak we bejertmek hyzmatlar köpler üçin elýeterli däl. 

- Saglygyňy bejertmegiň bahalary pensionerler, az girdejili maşgalalar we işsizler üçin elýeterli däl, şonuň üçin ilatyň uly bölegi medisina kömeginden mahrum bolup, onkologiýa kesellerinden ölýär, - diýip Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy. 

Türkmenistanda ilat tarapyndan giňden ulanylýan Imo sosial ulgamynda hem rak keselinden, aýratyn-da, leýkemiýadan ejir çekýänlere kömek etmegi soraýan adamlaryň çagyryşlary yzygiderli çap edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine hödürlenen Türkmenistanyň Meýletin milli synyna görä, Türkmenistanda ilatyň ölümine getirýän esasy keselçilikleriň biri ýürek-damar kesellerinden soň, onkologiýa keselleri bolup durýar. 

Maglumatda adam ölümleriniň 12 prosentini emele getirýän onkologiki keseller barada statistiki sanlar getirilip, Türkmenistanda erkek adamlaryň ölümlerine getirýän esasy keselleriň hatarynda traheýanyň we bronhlaryň rak keseli, ýagny bokurdak düwüni, inçekesel, aşgazandaky düwün, hem-de bagyrdaky düwün we öt haltanyň kanallaryndaky düwün agzalýar. Maglumatda Türkmenistanda aýallarda duş gelinýän esasy onkologiki keseller boýunça süýt mäzlerindäki düwün hem-de ýatgy boýunjygyndaky düwün agzalýar.

Soňky aýlarda Türkmenistanda derman gytçylygy hem güýçlendi. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, munuň bilen bir wagtda-da, ýurtda resmi medisina derek ilatyň tebiplere ýüz tutýan ýagdaýlary köpleýär.    

​​Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин на стройке судоверфи в Москве


Спорт в России и мире
Москва

Сотрудники Росгвардии на комплексе Байконур приняли участие в спортивном мероприятии «Наследники Победы»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Ига Свёнтек

«Ну и кто сказал, что женский теннис — это скучно?» Свёнтек — после матча с Соболенко


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Пресс-релиз | CRYPTONIUM | Новая экосистема для заработка на криптовалюте | Арбитраж | Трейдинг | Обучение





Путин в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о героях нашего времени


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Польский судья Шмидт попросил защиты у Лукашенко и политического убежища в Белоруссии




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Полина Гагарина

Полина Гагарина — про уход на пенсию и особые способности Сергея Лазарева



Москва

«Июнь подложит нам всем свинью». Синоптики составили новый прогноз на начало лета

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net