Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Russiýa-Gürjüstan howa gatnawlaryny togtatmak gadagançylygy güýje girdi

0
Rus prezidenti Wladimir Putiniň Russiýa bilen Gürjüstanyň arasyndaky gönümel howa gatnawlaryny togtatmak baradaky karary 8-nji iýulda güýje girdi. Putin muny Tblisidäki Russiýa garşy protestlere jogap hökmünde kabul edipdi.


Karar gadagançylygyň saklanyp galýan pursady rus syýahatçylyk agentliklerine Gürjüstana turlary satmakdan saklanmagy hem “maslahat” berýär.


Gadagançylyk güýje girmezinden ozal, iki ýurduň arasyndaky soňky gönümel uçuşy Russiýanyň “Aeroflot” howa gullugy amala aşyrdy.


Uçar 8-nji iýulda ir bilen Tblisiniň Halkara Aeroportyndan uçup, Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda gondy.


Kreml gadagançylygyň wagtlaýyn häsiýete eýedigini aýdýar. Emma, kararda anyk möhletler we seneler görkezilmeýär.


Netijede, gadagançylygyň näçe wagt saklanyp galjakdygy we onuň gürji ykdysadyýetine ýetirjek täsiri nämälimligine galýar.


Emma, bilermenler gadagaçylygyň Gürjüstanyň ykdysadyýetine her ýyl $250 million-$300 million zyýan ýetirip biljekdigini çaklaýarlar.


Rus syýahatçylarynyň uly bölegi dynç almak üçin Gürjüstany saýlap alýardylar. 2018-nji ýylda Gürjüstana 1.6 milliondan gowrak rus syýahatçysy sapar edipdir.


Gürjüstanyň Milli Syýahatçylyk Agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Gürjüstana sapar eden her rus raýaty ortaça $465 maliýe serişdesini harçlapdyr; umumy hasapda gürji ykdysadyýetine $720 million serişde goşulypdyr. Bu Gürjüstanyň tutuş syýahatçylyk pudagyndan gelen girdejiniň 10%-ni düzýär.


Gürjüstana uçuşlary amala aşyran rus howa gulluklarynyň hem altysynyň $48 million möçberinde zyýan çekip biljekdigi bellenilýär.


Uçuş gadagançylygy ruslaryň Günorta Kawkaz döwletine sapar etmeginiň öňüni doly böwetlemeýär.


Ermenistanyň, Belarusyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň howa gulluklary beýleki döwletleriň üstünden Gürjüstana uçuşlary hödürleýärler.


Putin uçuş gadagançylygyny girizmek baradaky buýrugyny 21-nji iýunda beripdi. Mundan bir gün öň, Tbliside müňlerçe gürjüstanly Russiýanyň döwlet dumasynyň orunbasarynyň gürji parlamentiniň spikeriniň kürsüsinde oturmagyna garşy protest geçiripdiler.


20-nji iýunda gürji polisiýasy parlamentiň binasyna kürsäp girmekçi bolan demonstrantlara garşy rezin oklary we suw toplaryny atanynda 240 töweregi adam ýaralanypdy.


Şondan bäri gürji aktiwistleri we oppozisiýa syýasatçylary gazaplylyk sebäpli içeri işler ministri Giorgi Gahkarianyň wezipesinden çekilmegini talap edip, her gün ýöriş geçirýärler.


2008-nji ýyldaky rus-gürji gysga wagtlyk uruşdan soň gürjüstanlylaryň köpüsi Russiýa bolan gahar-gazabyny açyk beýan edýärler. Uruş netijesinde rus güýçleri Gürjüstanyň iki, ýagny Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitlerini eýelediler.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net