Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Türkmenistan rus-türkmen goşa raýatlara pasport bermek üçin dokumentleri kabul edip başlady

0
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermek boýunça dokumentleri kabul edip başlady. Bu barada 4-nji iýulda Azatlygyň Moskwadaky we Aşgabatdaky çeşmeleri hem habarçylary aýdýarlar. 


Orsýetiň hem raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylaryň daşary ýurt pasporty üçin dokumentleriniň kabul edilip başlanandygy barada Azatlyga 4-nji iýulda mälim boldy. 


"Raýatlaryň bu kategoriýasyna 10 000 çemesi adam girýär" diýip, çeşmelerimiziň biri belledi. 


Türkmenistanyň goşa raýatlara pasport bermek işine başlandygy barada resmi derejede habar berilmedi. Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.     




Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda goşa raýatlyk ylalaşygy 10 ýylyň dowamynda hereket edip, 2003-nji ýylyň aprel aýynda ýatyryldy. Türkmenistan goşa raýatlygy ýatyrmak barada protokola gol çekmeginiň yzýany ony ratifisirledi we türkmenistanlylaryň diňe bir ýurduň raýatlygyny saklap galmagyny talap etdi. Türkmenistanyň Migrasiýa resmileri Orsýetiň raýatlygyny saklap galmak islän türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermekden ýüz öwürdi. 


Türkmenistanyň 2008-nji ýylda kabul eden Konstitusiýasynda goşa raýatlyk göz öňünde tutulmaýar. 


Orsýet Federasiýasy Türkmenistan bilen goşa raýatlygy ýatyrmak barada gol çeken dokumentini ratifisirlemedi. 


2018-nji ýylyň dekabr aýynda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Türkmenistandaky goşa raýatlyga eýe bolan raýatlarynyň ykbaly barada ýakyn wagtda maglumat berilmegine garaşýandygyny mälim etdi. 







 


 


"Bizi türkmen partnýorlarymyz bu meseleleri çözjekdikleri barada iň ýokary derejede ynandyrdylar. Biz gysga wagtda bu barada takyk maglumatlara garaşýarys" diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 7-nji dekabrda habar berdi.


2003-nji ýylda "Goşa raýatlyk meselesini kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygyň" ýatyrylmagyndan soň Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda dörän mesele 16 ýyla golaý wagtlap çözülmän geldi. 


 ​Ýatlatsak, 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda goşa raýatlygy ýatyrmak barada gol çekilen protokolyň ýanynda "Gazprom" kompaniýasynyň 25 ýyllap türkmen gazyny satyn almagy baradaky ylalaşyk hem baglaşylypdy. 


Şu günki gün Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň 2003-nji ýyldan soň Orsýetiň raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermek üçin dokumentleri kabul edip başlandygy baradaky maglumatlar türkmen gazyny Orsýete akdyrmak boýunça täze bäş ýyllyk şertnamanyň baglaşylmagyna gabat geldi. 







1-nji iýulda "Gazprom" "Türkmengazdan" 5 ýyllyk möhlet bilen tebigy gazy satyn almak barada ylalaşyk baglaşandygyny habar berdi. 


​Resmi maglumatda şertnama laýyklykda, Türkmenistandan "Gazproma" akdyryljak gazyň möçberiniň ýylda 5,5 milliard kubometre barabar boljagy aýdylýar. 


Orsýetiň Türkmenistandan gaýtadan tebigy gazyny satyn almagy üç ýyllyk arakesmeden soň şu ýylyň aprel aýynda dikeldilipdi. Iki ýurduň arasynda baglaşylan gysga möhletli ylalaşyga görä, 15-nji aprelden 30 iýuna çenli wagt aralygynda Türkmenistanyň Orsýete akdyran gazynyň möçberiniň 1,2 milliard kubometre barabar bolandygyny "Gazprom" kompaniýasy mälim etdi. 


​Rus dilinde okaň 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net