Şri-Lanka: bomba partlamasynda heläk bolanlaryň sany 300-den geçdi, ençeme adam keselhanada galýar
Polisiýanyň 23-nji aprelde aýtmagyna görä, ýaralanan adamlaryň ýüzlerçesi keselhanada galýar, partlamalar bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 40 golaý adam tussag edilipdir.
21-nji aprelde Kolombo şäheriniň özünde we onuň daşynda bolan jemi dokuz sany partlama on ýyl mundan öň weýrançylykly graždan urşuny başdan geçiren ýurduň soňky taryhynda iň heläkçilikli waka boldy.
23-nji aprelde pidalaryň hatyrasyna matam tutulyp, tutuş ýurt boýunça üç minutlyk dymyşlyk yglan edildi.
Hökümetiň metbugat-wekili Rajitha Senaratne partlamalary amala aşyrmakda "Milli Thowheeth Jama'ath" (NTJ) ekstremist toparynyň güman edilýändigini aýtdy.
