Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Aşgabatda hususy taksileri tapmak kyn, resmi taksileri çagyrmak.Nädip gatnamaly?

0
Aşgabatda hususy taksileri tapmak kyn, resmi taksileri çagyrmak.Nädip gatnamaly?

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we diňleýjileriniň sözlerine görä, paýtagt ýaşaýjylarynyň şäherde ulagly hereket etmegi çürt-kesik kynlaşypdyr. Jemgyýetçilik transporty hyryn-dykyn, resmi taksileri çagyrmak köp wagty talap edýär, ilat arasynda meşhur hususy ulaglar köplenç tapdyrmaýar.

Soňky iki hepdä golaý wagtyň dowamynda şäherde öz hususy awtoulaglarda ýolagçy gatnatmak hyzmaty hödürleýänleriň sany öňküsinden esli azaldy, şol bir wagtda-da bahalar ýokarlandy. Bu ýagdaý ýol gözegçilik polisiýasynyň hususy taksileri tutmak boýunça geçirýän çärelerini köpçülikleýin güýçlendiren döwrüne gabat geldi.

Sürüjileriň sözlerine görä, şu günler polisiýa paýtagtyň merkezi köçelerinde köp durýar.

"Düýn meniň tanyşym 10 ýyl Abadançylyk köçesine baryp gaýtdy, ol taksi meselesinden habarsyzdy. Ol uzak wagtlap ulag tutjak bolanda hiç kimi durmandygyna geň galdy. Saklanan ulaglar bolsa nirä gitmelidigini eşidende dessine boýun gaçyrypdyr. Ahyrsoňy saklanan bir ýigit göni gitmän 'howlularyň' içinden aýlanyp sürmäge razy boldy" diýip, habarçymyz 17-nji aprelde habar berdi. 

Sürüjileriň sözlerine görä, Aşgabadyň merkezi köçelerinde, şol sanda 10 ýyl Abadançylyk köçesinde mydama ýol gözegçilik polisiýasy nobatçylyk edýär. Hususy ulaglarda ýolagçy gatnadýanlar tutulanda olara ortaça 1000 manat möçberinde jerime salynýar.

Häzirki wagtda Aşgabatda jemgyýetçilik transportyna bolan islegler hem artdy. Awtobuslarda yzygiderli dyknyşyk döreýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýda döwlet taksilerden peýdalanmak üçin mümkinçilikleri öwrendi:

- Men döwletiň taksilerini çagyrmagyň näderejede elýeterlidigini anyklamaga synanyşdym. Maglumat gullugyna "09" nomere jaň edip alnan "76 -05-01" nomere jaň edenimde, awtomat meniň nobatda üçünjidigimi habar berdi we saz bilen garaşmagymy sorady, soň meniň nobatym üç gezek ikinji boldy we iki gezek birinji. Sekiz minutlap dowam eden sazdan soň, bir ses maňa taksiniň haçan gerekdigini sorady. Men taksi çagyrjak bolsam näçe wagt öňünde jaň etmelidigini we öýümden aeroporta çenli bahasyny soradym. Hasaplaýja görä boljagyny habar berdiler, emma nyrhlary bilmeýändigini aýtdylar.

Türkmenistanda paýtagtyň we welaýat merkezleriniň arasynda gatnaýan awtoulaglaryň bahasy göterilýär. Bu ýerde-de hususy taksilere iň köp ulanylýan transportdy. 

"Taksileriň bahasy Daşoguzdan Aşgabada we yzyna, bir tarapa 210 manada çenli galdy. Aşgabat - Daşoguz awtobuslaryny hem goşdular. Emma bu marşruda isleg köp däl - ýol 9 sagat alýar" diýip, habarçymyz belleýär. 

​Häkimiýetleriň hususy transporta gözegçiligini güýçlendirmegi içeri işler ministriniň döwlet baştutanynyň käýinjine eýe bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. Isgender Mulikowa berlen käýinjiň hususy transportda ýolagçylary bikanun gatnatmak meselesindäki kemçilikleri aradan aýyrmandygy üçin berlendigi resmi maglumatlarda aýdyldy. 

Şol bir wagtda-da, garaşsyz synçylar häkimiýetleriň hususy taksilere gözegçiligini güýçlendirmeginiň ýolagçy gatnawy ugruna degişli täze strukturalaryň döredilmegi bilen baglydygyny aýdýarlar. 

"Taksi üçin 700 täze awtoulag getirdiler. Täze ulag parky bolar. Häzir olary gümrükden, tehniki gözegçiliginden geçirmek, belgi almak işi geçirilýär, tiz wagtda maşynlary şähere çykaryp başlarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ygtybarly çeşmesi aýdýar. Onuň sözlerine görä, täze awtoulag parky ýurduň baş ýolbaşçylaryna golaý şahslara degişli bolar. 

Azatlyk Radiosy bu maglumaty entek resmi çeşmelerden tassykladyp bilmedi. 

Jemgyýetçilik transporty we taksi bilen meşgullanjak täze bir strukturanyň dörediljegi barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 16 aprelde habar berdi. 

​"Käbir entek tassyklanmadyk maglumatlara görä, Türkmenistanda tiz wagtda paýdarlar jemgyýeti açylar, ol jemgyýetçilik transporty we taksi bilen meşgullanar. Oňa prezidentiň maşgalasyndan biri ýolbaşçylyk eder, ol şeýdip ilat arasynda örän meşhur bolan hususy taksiçileriň bäsdeşliginden dynmak islän bolmaly" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berdi. Şeýle-de neşir Aşgabatda taksileriň ýetmezçiliginiň döremegi sebäpli, paýtagta Türkmenbaşy şäheriniň tas tutuş taksoparkynyň getirlendigini habar berýär. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

 

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: В дома и соцобъекты Москвы будет возобновлена подача тепла


Спорт в России и мире
Москва

К.ВАЛИЕВА, 23 КИТАЙЦА, WADA помогают раскрыть сеть секретных преступных отделов. Дело Скрипалей можно дополнить с пользой.


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублев не отстал от «Реала»! Как русская звезда тенниса покорила Мадрид


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Еженедельный вестник катастроф





Путин в России и мире
Москва

Посвященную инаугурации Путина марку начали продавать в главпочтамте Москвы


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Польский судья приехал в Минск и попросил защиты у Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Виктор Тепляков

Депутат ЗСК Виктор Тепляков провёл совещание по теме защиты дельфинов



Москва

МВФ боится выхода России. Оскорбление Байденом союзников вызвало резонанс в мире

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net