ABŞ-nyň resmisi Eýrana basyşy artdyrmak tagallalaryny güýçlendirmek üçin Aziýa bardy
ABŞ-nyň maliýe departamentiniň terrorizm we maliýe aňtaw boýunça sekretarynyň orunbasary Sigal Mandelker 29-njy martda Singapurda çykyş edip, şu hepde Malaýziýanyň, Singapuryň we Hindistanyň resmileri bilen geçirjek nobatdaky duşuşyklarynda Tähran bilen gatnaşyklaryň töwekgelçiliklerini nygtajakdygyny aýtdy.
“Bu ýurtlaryň, Eýranyň režiminiň öz nebitini hödürlemek bilen bagly halkara jemgyýetini aldamak üçin ulanýan dürli usullary barada möhüm düşünjesiniň bolmagy hökmanydyr” diýip, ol aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň administrasiýasynyň yglan eden maksatlaryna laýyklykda, Waşington importýorlardan satyn almalaryny azaltmagy talap etmek ýa-da olaryň ABŞ-nyň sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny mälim etmek arkaly Eýranyň nebit eksportyny nol derejä düşürmegi maksat edinýär.
