Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2019

Türkmenistanyň poçtasy Orsýete posylka ibermegini wagtlaýy togtatdy

0
Türkmenistanyň poçta bölümleri Orsýete iberilýän posylkalary kabul etmegini bes etdi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu ýagdaýyň 27-nji martdan bäri paýtagtda dörändigini habar berdiler. 


Türkmenistandan Orsýete posylka ugratmak mümkinçiligi welaýatlarda hem bes edilipdir.


"Tanyşlarymyň garyndaşy Guşgydan jaň edip aýtdy. Onuň Orsýete ugradan posylkasyny yzyna beripdirler, emma [poçta hyzmaty üçin] tölän 800 manadyny gaýdyp bermändirler" diýip, Azatlygyň habarçysy 28-nji martda habar berdi. 


"Türkmenpoçta" döwlet kärhanasynyň baş edarasynda Türkmenistandan Orsýete posylka iberilmegini togtadylandygyny tassykladylar. Edaranyň telefon üsti bilen jogap beren işgäri bu hyzmatyň "bir aýlyk" togtadylandygyny habar berdi emma sebäbini düşündirmedi. 




Türkmenistanyň beýleki poçta bölümleriniň müşderilerine hem sebäbi düşündirilmändir. 


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmesi Türkmenistandan Orsýete poçta hyzmatlarynyň çäklendirilmeginiň sebäpleriniň biriniň maliýe meselesi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýtdy. 


"Orsýetiň Türkmenistandan posylkalary kabul etmek hyzmaty bilen üpjün etmegini bergi sebäpli togtadandygy barada maglumat bar" diýip, çeşmämiz aýtdy.


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistandan Orsýete poçta hyzmatlaryna ilat arasynda uly talap bar. 


"Soňky iki ýylyň dowamynda, gymmatlygyna garamazdan, poçta hyzmatlaryndan Türkmenistandan Orsýet Federasiýasyna gidýän adamlar köp peýdalanýarlar we öz zatlaryny ugradýarlar. Şeýle-de, student-çagalaryna zat iberýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.


Häzirki wagtda Türkmenistandan Orsýete poçta arkaly iberilýän zatlaryň her 20 kilogramynyň bahasy 800 manada durýar.   







Türkmenistanda poçta hyzmatlaryny "Türkmenpoçta" döwlet edarasy we EMS gullugy üpjün edýär. 


Poçta hyzmatlary 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda tas 60% gymmatlapdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net