Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2019

Türkmenistan we Belarus çözülmedik dawasyna garamazdan, täze proýektlere ýol açýarlar

0
Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly özara dawasyny halkara arbitražynda çözmäge synanyşýan wagtynda, iki ýurduň resmileri bilelikdäki ykdysady hem biznes forumlaryny geçirmek kararyna gelendigini yglan etdiler.


Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhowyň türkmen wise-premýeri Mammethan Çakiýew bilen 14-nji martda Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň yzýany mälim edildi. 


Media maglumatlaryna görä, Aşgabatda şu ýyl hökümetara komissiýasynyň maslahatynyň çäginde geçiriljek türkmen-belarus biznes forumynyň maksady ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça täze proýektleriň we planlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýär. 







 


 


Ýaňy-ýakynda "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasynyň işinden öz nägileligi boýunça Stokgolmyň arbitraž suduna ýüz tutandygy habar berildi.


Munuň yzýany Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasy türkmen tarapynyň Garlykdaky kaliý kombinatynyň gurluşygyna degişli nägileliginden özüniň habarlydygyny tassyklap, amala aşyran işleri üçin Türkmenistandan $150 million dollar talap edendigini aýtdy. 


Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat iki ýurduň bilelikdäki iň uly proýektidir. 


Türkmenistan Lebap welaýatynda 2009-2017-nji ýyllaryň dowamynda gurlan kaliý zawodunyň bahasynyň 1 milliard amerikan dollaryna barabardygyny aýdýar.


Türkmenistan we Belarus bu desganyň gurluşygy boýunça özara ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmezliginde bir-birini ençeme ýyl bäri aýyplap gelýärler.


Türkmenistan Garlykdaky kombinatyň işi boýunça halkara arbitražyna ýüzlenmek planlaryny ilkinji gezek noýabr aýynyň başynda resmi derejede yglan edipdi.​ Munuň yzýany Belarus Türkmenistanyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy üçin hasaplaşmandygyny we bergisiniň 40 million amerikan dollaryndan aşandygyny aýdypdy. 




Ozalky ýyllarda Garlykdaky kaliý öndüriji kombinatyň gurluşygynyň gijikdirilmeginiň üstünde dörän dawa garamazdan, Belarus Türkmenistanda şuňa meňzeş ikinji desgany gurmak planlaryny mälim edipdi.


2017-nji ýylda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmeginden bir aý soň Türkmenistanyň Garlykda ikinji uly kärhanany gurup bermegi Belarusdan haýyş edendigini aýdypdy.


Türkmen ýolbaşçylary Garlykdaky kärhanany işe girizip, ýurdy dünýäniň iň öňdebaryjy kaliý eksport edijileriň hataryna goşmagy planlaşdyrypdy. Emma desganyň ulanylyşa berilmeginiň birinji ýylynyň dowamynda ol göz öňünde tutulan kuwwatynyň 5% derejesinde hem işlemändir.


Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda dürli ýyllarda 130-dan gowrak dokumente gol çekilipdi. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net