Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Moskwada türkmenistanly galp dokument bilen tutuldy

0
Moskwanyň "Aşan" atly iri supermarketleriniň birinde alty adam Gyrgyzystanyň gapl pasportlary bilen tutuldy.


Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasynyň 10-njy ýanwarda mälim etmegine görä, ozalky gün agşam saklananlaryň bäşisi täjigistanly bolup, biriniň türkmenistanlydygy anyklanypdyr.    




Ilçihananyň metbugat-wekili Gulbarçyn Maýymbetowanyň žurnalistlere aýtmagyna görä, "Teplyý stan" metro stansiýasynyň golaýynda ýerleşýän supermarketiň merkezi aziýaly işgärleriniň arasynda dokument barlaglary 9-njy ýanwarda giç agşam geçirilipdir.     


Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Moskwadaky habarçysynyň sözlerine görä, dokument barlagy "Aşan" supermarketinde işleýän gyrgyzystanlylaryň öz ýurdunyň Moskwadaky ilçihanasyna eden ýüzlenmesi boýunça geçirilipdir. 




"Ýanwar aýynyň başynda 'Aşanda' işleýän gyrgyzystanlylar iş orunlarynyň çäklendirilip başlanmagy sebäpli öz iş ýerleri barada howatyrlanyp başladylar. Gyrgyzystanyň raýatlary beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryň raýatlarynyň täjigistanlylaryň, özbegistanlylaryň we türkmenleriň gyrgyz pasportlaryny ulanyp, işe ýerleşýändiginden şikaýat etdiler. Olaryň ilçihana ýüz tutmagynyň yzýany, ilçihananyň wekilleri Içeri işler ministrliginiň işgärleri bilen bilelikde özlerini gyrgyzystanly diýip görkezen supermarketiň işgärleriniň dokumentlerini barlap, olaryň arasynda bäş täjigistanlynyň we bir Türkmenistanyň raýatynyň bolandygyny anykladylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Moskwadaky habarçysy Lazzat Žanybekowa aýtdy.


Onuň sözlerine görä, saklanan adamlar Gyrgyzystanyň raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan kart görnüşli içerki dokumentini ulanypdyr. 


"Saklanan adamlar derňew astynda galýarlar, emma olaryň pasportlara nirede eýe bolandygy, Gyrgyzystandamy ýa-da Moskwada, entek belli däl", diýip habarçymyz 16-njy ýanwarda aýtdy. 


Moskwada gyrgyz pasporty bilen tutulan merkezi aziýalylaryň şahsyýeti mälim edilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net